Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti sanksiýalary “bolgusyz” diýip häsiýetlendirdi


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad Günbataryň Tähranyň nebitine girizen gadagançyklaryny “bolgusyz” diýip atlandyrdy. Ahmedinejad bu barada Tähranda nebiti gaýtadan işleýän desganyň açylyş dabarasynda çykyş etdi.

Mundan öň, duşenbe güni ABŞ-nyň Kongresi Eýrana garşy maliýe we ykdysady sanskiýalaryň täze tapgyryny oňlapdy.

Eýranyň nebit eksportynyň 18%-ini düzýän Ýewropa Bileleşigi 1-nji iýuldan başlap Tähran bilen ähli nebit şertnamalaryny togtatdy.

Waşington Hindistan we Günorta Koreýa ýaly Aziýa ýurtlaryna basyş edip, eýranyň nebitini almakalaryny togtatmaklaryny gazanmaga synanyşýar.
XS
SM
MD
LG