Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazagystan: ýaralary sebäpli ikinji polisiýa işgäri öldi


Gazagystanda şenbe güni ot atyşlykda ýaralanan polisiýa işgäri ýeten şikesleri sebäpli sişenbe güni aradan çykdy.

Resmileriň aýtmagyna görä, Ýernaz Kožakmedow özüne gelmän ýogalypdyr.

Şenbe güni bolan ot atyşlykda başga-da bir polisiýa işgäri ölüpdi.

Polisiýa işgärlerine ot açmakda gümän edilýän 6 adamyň duşenbe güni Almatyda geçirilen ýörite operasiýada öldürlendigini polisiýa resmileri habar berýär. Polisiýanyň maglumatyna görä, öldürlenleriň ählisi jenaýat toparynyň agzalary bolup, olaryň ählisi türmede oturyp çykypdyrlar.
XS
SM
MD
LG