Sepleriň elýeterliligi

Ýewrozonada işsizligiň derejesi rekord derejä ýetdi


Ýewro pul birligini ulanýan ýewrozonanyň 17-i döwletinde işsizlik iýun aýynda rekord derejä ýetdi.

Ýewropa Bileleşiginiň statistika edarasy – Eurostatyň sişenbe güni beren maglumatyna görä, iýun aýynda ýewrozonada işsizleriň sany 17 milliona ýetip, bu 11.2%-e deň bolupdyr. Eger-de sanlardan çen tutulsa, onda maý aýyndan bäri ýene-de 123 müň adam işsizleriň hataryna goşulypdyr.

Işsizligiň iň ýokary derejesi Ispaniýada hasaba alyndy. Ol ýerde işlemäge ukyply adamlaryň 25%-e golaýy işsiz.
XS
SM
MD
LG