Sepleriň elýeterliligi

Hindistanyň ýarysy energiýa togunyň ýetmezçiliginden kösenýär


Hindistanda elektrik üpjünçiligi bilen dörän kemçilikleriň netijesinde, 1.2 milliard adam elektrik togundan mahrum galdy.

Elektrik kynçylyklary ýurduň demirgazygyndaky we gündogaryndaky 12 sebitde, şol sanda paýtagt Nýu-Delide hem ýüze çykdy.

Sişenbe güni Nýu-Deliniň metro ulgamy hem işini togtatdy. Şeýle-de elektrik problemalary sebäpli 300-e golaý otlynyň gatnawynda kemçilikler döredi.

Hindistanyň Energiýa ministri Kumar Şinde elektrik togunyň sişenbe güni berlip başlanjakdygyny mälim etdi. Emma, ol kemçilikleriň näme sebäpden ýüze çykandygy barada maglumat bermedi.
XS
SM
MD
LG