Sepleriň elýeterliligi

Türkmen dzýudoçysy azerbaýjanly atletden ýeňildi


Londondaky Olimpiýa oýunlarynyň çäginde geçirilen 63 kg. çenli aýallaryň arasyndaky dzýudo ýaryşynda, türkmen atleti Gülnara Haýytbaýewa azerbaýjanly dzýudoçy Ramila Ýusubowadan ýeňildi.

Şeýle-de erkekleriň arasynda 100 metr aralyga erkin görnüşde ýüzmek boýunça geçirilen ýaryşda türkmen sportsmeni Sergeý Krowýakow aralygy 54.43 sekuntda geçip, umumy hasapda 46-njy orny eýeledi.

Sişenbe güni 64 kg. çenli boksçylaryň arasynda tükmen atleti Hudaýberdiýew Serdar hindistanly boksçy Manoj Kumar bilen duşuşar.

Şeýle-de duşenbe güni erkekleriň arasynda agyr atletika boýunça 62 kg. çenli atletleriň arasynda geçirilen ýaryşda Umurbek Bazarbaýew umumy hasapda 302 kg. toplap 6-njy orny eýeledi.
XS
SM
MD
LG