Sepleriň elýeterliligi

Nawalna resmi taýdan aýyplama bildirildi


Alekseý Nawalnyý sorag edilmek üçin Orsýetiň Derňew komitetine barýar. Moskwa. 30-njy iýul, 2012 ý.

Alekseý Nawalnyý sorag edilmek üçin Orsýetiň Derňew komitetine barýar. Moskwa. 30-njy iýul, 2012 ý.

Orsýetde blogger we oppozisiýa liderleriniň biri Alekseý Nawalna “Kirowles” döwlet kärhanasynyň emlägini bikanun harçlanmagyny gurnandygy boýunça resmi taýdan aýyplama bildirildi. Resmiler onuň Moskwany terk etmezligine hem görkezme berdiler.

Eger-de Nawalnynyň günäsi subut edilse, onda oňa 10 ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.

Nawalnyý Orsýetiň Derňew komitetinden çykandan soň žurnlistlere şeýle diýdi: "Maňa aýyplama bildirdiler, şeýle-de şäheri terk etmejekdigime güwanama ýazdyrdylar. Dogrymy aýtsam, bolup geçýän zatlar diýseň täsin we geň. Olar ozalky aýyplamanyň mazmunyny düýpgöter üýtgetdiler".

Iýul aýynyň başlaryna resmiler 1 milion rubluň ýitirim bolmagy bilen bagly Nawalnynyň iki ýyl mundan ozalky işini täzeden gozgapdylar. Emma sişenbe güni bu san ýokarlanyp 16 million rubla (500 müň dollar) deň boldy. Derňewçiler 2009-njy ýylda Kirowda ýerleşýän tokaý kärhanasyndan bu pullaryň ýitirim bolmagynda Nawalnyny aýyplaýarlar.

Şol döwür Nawalnyý regionyň häkiminiň maslahatçysy bolup işläpdi. Ol özüne ýöňkelýän aýyplamalary inkär edýär. Nawalnyý prezident Wladimir Putine garşy geçirilen protestler bilen baglanşykda iki gezek az möhletleýin türme tussaglygynda hem oturypdy.

Orsýetiň oppozisiýa liderleri we adam hukuklary boýunça aktiwistleri Nawalna bildirilen aýyplamany ýazgardylar.

Çepçi Front hereketiniň lideri Sergeý Udaltsow häkimiýetleriň munuň üsti bilen oppozisiýa basyş etmäge synanşýandyklaryny öňe sürdi. Udaltsowyň bellemegine görä, 6-njy maýda Putiniň dolandyryşyna garşy geçirilen protestlerden soň, hökümet oppozisiýa wekillerine garşy işleri gozgapdyr we olaryň öýlerini döküpdir.

Udaltsow Nawalna garşy bildirilen aýyplamalary “syýasy görkezme” diýip atlandyrdy.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän, garaşsyz Moskwanyň Helsinki toparynyň ýolbaşçysy Lýudmila Alekseýewna Nawalna aýyplamalaryň bildirilmegi bilen “oppozisiýa garşy repressiýalaryň başlanandygyny” belledi.

Şwedsiýanyň daşary işler ministri Karl Bildt özüniň “Twitter” hasabynda “Orsýetiň belli oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň sem edilmegi boýunça synanşyklar biziň ählimiziň üns merkezinde bolmalydyr” diýip belledi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG