Sepleriň elýeterliligi

Tebigata salnan ýaralar bejerilýär


Türkmenistan Sarygamyş kölüniň gündogar kenarynda ýerleşýän Bötendag belentliginde 20 müň gektar meýdana sazak, selin ýaly pürli agaçlary oturtmagy planlaşdyrýar. Bu barada Aşgabatda duşenbe güni geçen hökümet maslahatynda maglumat berildi.

Bötendag belentliginde dörediljek uly tokaý zolagynyň Aral tarapdan öwüsýän güýçli ýeliň badyny gowşatmaga, Türkmenistanyň şertlerinde esasy ekologiýa problemalarynyň biri bolan çölleşmä we şorlaşma garşy göreşde ullakan peýda bermegine garaşylýar.

“Dogry tarapa ädilen dürs ädim”

Daşoguz Ekoloigiýa klubynyň öňki aktiwisti, häzir Wenada ýaşaýan Farid Tuhbatullin Azatlyk Radiosyna munuň “dogry tarapa ädilen dürs ädimdigini” aýtdy.

“Meniňçe, bu hakykatdanam gowy pikir, tokaý gorag zolagyny döretmek hemişe ýagdaýa gowy täsir ýetirýär we belli bir meseleleri çözýär” diýip, Tuhbatullin bu meselä hemme taraplaýyn çemeleşmelidigini nygtady we diňe bir tokaý zolagy bilen problemany çözüp bolmajagyny sözüne goşdy.

Aşgabatly publisist Amanmyrat Bugaýew bu işde ylymdan ugur almalydygyny, ýagny türkmen topragynda kök urmaga hem boý almaga ukyply agaçlary köp ekmelidigini aýdýar.

“Türkmeniň özüniň tebigatynyň göterýän zadyny ekmeli, suwuňa, hemme zadyňa laýyk etmeli” diýip, ol ylmy tejribelere daýanman edilen işiň gowy netije bermejegini ýatlatdy.



Farid Tuhbatullin Türkmenistandaky ekologiýa programmalary daşary ýurt ekspertlerini çekmek bilen amala aşyrylsa, has-da netijeli bolar diýip pikir edýär.

“Mundan iki peýda bar: brinjiden, bir kelleden hemişe iki kelle gowy, ikinjiden, türkmen emeldarlary daşary ýurtly alymlaryň öňünde belli bir derejede jogapkärçilik duýarlar we bu ýagdaý proýektiň gysga wagt üçin däl-de, gelejegi nazarlap işlemegine umyt berer we şeýle edilende bu işiň netijeliligi hakykatdanam çynlakaý bolar” diýip, Tuhbatullin Azatlyk Radiosyna Wenadan telefon arkaly beren gürrüňinde aýtdy.

SSSR döwrüniň ýaralary we emiň başy

Sowet ýyllarynda Türkmenistan çölleşmä garşy göreş meselesinde belli bir tejribe toplady. Bu ugurda Aşgabatdaky Çöller institutynyň eden gowy işleriniň az bolmandygy aýdylýar.

Ikinji tarapdan, ýerli metbugatda 1985-nji ýyldan soň çap edilen ylmy-publisistik makalalaryň köpüsinde tassyklanmagyna görä, Türkmenistana Moskwadan berlen pagta planlary, galyberse, Garagum kanalynyň oýlanyşyksyz, soňuny kän pikir etmän gurulmagy ýurduň ekologiýasynda agyr yz galdyrdy.

Real bolmadyk planlary dolmak üçin aşa köp ýere gowaça ekmek, kolhoz-sowhozlaryň adam güýjünden has agdyk ekin meýdanlaryny kadaly suwarmaga mümkinçilik bolman, suwy bisarpa tutmak, gijelerine başyna kowmak diňe ýerleriň şorlaşmagyna däl, eýsem daýhançylyk medeniýetiniň hem ”şorlaşmagyna” getirdi diýip, aşgabatly publisist Amanmyrat Bugaýew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Onuň pikirine görä, garaşsyzlyk ýyllarynda başlanan gazlaşdyryş programmasy odun üçin ýok edilen sazak tokaýlarynyň dikeldilmegi üçin ädilen ilkinji uly ädim boldy we bu ýagdaý Bötendagda we beýleki ýerlerde döredilýän tokaý zolaklarynyň goragyny üpjün edýär.

“Belli-belli obalar bolaýmasa, gazsyz oba ýok, hemmesine diýen ýaly tebigy gaz bardy. Indi şyýem tebigata SSSR döwründe salnan ýaralary bejermäge şert döredýär. Odunlyk üçin ýok edilen sazak tokaýlaryny dikeldip bilseň, şony ýok etjek adam ýok indi” diýip, Bugaýew aýtdy.

Türkmen metbugaty prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň iýun aýynda Rio-de-Žaneýroda durnukly ösüş boýunça geçiren “Rio+20” konferensiýasynda ekologiýa meseleleri barada konstruktiw inisiatiwalary öňe sürendigini we olaryň giň goldaw tapandygyny ýazýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG