Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenhowaýollary”: bilet krizisi dowam edýär


Magtymguly şaýolunda ýerleşýän we il içinde “Agentstwo” diýlip atlandyrylýan bu iki gatly binanyň içindäki nobatlara gözegçilik etmek üçin ýörite polisiýa gözegçiligi hem goýlupdyr.
Magtymguly şaýolunda ýerleşýän we il içinde “Agentstwo” diýlip atlandyrylýan bu iki gatly binanyň içindäki nobatlara gözegçilik etmek üçin ýörite polisiýa gözegçiligi hem goýlupdyr.
“Türkmenhowaýollary” milli döwlet gullugynyň Aşgabatdaky kassalarynda häzir ýylyň iň gyzgalaňly döwri dowam edýär. Magtymguly şaýolunda ýerleşýän we il içinde “Agentstwo” diýlip atlandyrylýan bu iki gatly binanyň içindäki nobatlara gözegçilik etmek üçin ýörite polisiýa gözegçiligi hem goýlupdyr.

Awiakassanyň ýerleşýän binasy adamdan hyryn-dykyn, daşary ýurt reýslerine bilet satýan we ikinji gatda ýerleşýän kassalara birinji gatdan başlap nobata durmaly bolýar. Ikinji gata polisiýa işgärleri goýbermeýärler. Birinji gatdaky içerki reýslere bilet satylýan kassalaryň öňi hem adamdan doly.

15-nji iýuldan “Türkmenhowaýollarynyň” awiabiletleriniň bahasynyň gymmatlandygyna garamazdan, bu kompaniýanyň hyzmatlaryndan peýdalanmak isleýän adamlaryň sany azalmandyr. Hatda daşary ýurtlara gatnaýan käbir reýslere oktýabr aýyna çenli asla bilediň ýokdugy aýdylýar.

“Häzir bilediň bahasynyň gürrüňini edýän ýok. Şol biledi tapyp bilseň bolýar” diýip, ikinji gatdaky nobata durmak üçin birinji gatda nobata duran 24 ýaşly Aman aýdýar.

Amanyň aýdyşy ýaly, awiabiletleri tapmak kyn. “Student reýsleri” diýip atlandyrylýan Moskwa, Kiýewe we Minskä uçýan uçarlaryň reýslerine oktýabr aýyna çenli awiabiletleriň ýokdugyny “Türkmenhowaýollarynyň” awiabilet satýan bu binasynyň birinji gatyndaky ýeke-täk sorag-jogap penjiresinde oturan işgäri aýdýar.

“Türkmenhowaýollarynyň” işgäri ýakyn wagtda Moskwa goşmaça reýsiň uçup başlajakdygyny aýdyp, müşderileri umytlandyrýar. Ýöne bu ugur boýunça goşmaça uçjak reýsiň haçan uçup başlajakdygyny welin, onuň özi hem bilenok.

Her ýyl tomusda

Nobata duranlardan biri, Belarusda okaýan 2-nji kursuň studentiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, tomus aýlary daşary ýurtlara okamaga gidýänleriň hem-de kanikula gelenleriň yza dolanýan wagtlary, emma bu ýagdaý ýylyň ýylyna gaýtalanyp dur.

Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde ýaşaýan, adynyň agzalmazlygyny islän bir türkmenistanlynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Aşgabat bilen Sankt-Peterburgyň arasyndaky reýsler tomus aýlarynda hasam azalýar.

“Gyş aýlarynda o diýen ýolagçam bolanok, emma Aşgabat bilen Sankt-Peterburgyň arasynda hepdede üç reýs bolýar, emma tomus aýlarynda ýolagçylaryň köp bolmagyna garamazdan, reýsler ikä düşürilýär” diýip, ol Azatlyk Radiosyna Skype arkaly beren maglumatynda aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, soňky aýlaryň dowamynda biletleriň bahasam göz-görtele galypdyr. Aşgabat bilen Sankt-Peterburgyň aralygyndaky biletiň bahasy öň 11,000 rubl bolan bolsa, häzir 15,000 rubla barypdyr.

Nobat hem bilet tapmak meselesi diňe daşarky reýslere mahsus ýagdaý däl. Içerki reýslere ýolagçylaryň awiabiletler bilen üpjünçiliginiň ýagdaýy hem o diýen tapawutly däl. Bilet almaga synanyşýan käbir adamlaryň aýtmaklaryna görä, bu hem korrupsiýa ýaly nogsanlaryň emele gelmegine sebäp bolýar.

19-njy iýulda geçiren hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara “Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylarynyň uçar biletleri bilen doly üpjün edilmeýänliginiň sebäplerini “düýpli seljermegi” tabşyrdy.

Şeýle-de Berdimuhamedow “Türkmenhowaýollarynyň” ýolbaşçysyndan bar bolan kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi talap edip, iş “talaba laýyk ýola goýulmasa”, onuň eýeleýän wezipesinden boşadyljagyny duýdurdy.

Aşgabatdaky “Türkmenhowaýollary” milli döwlet gullugynyň kassalarynyň öňündäki nobatlardan çen tutulsa, edil häzirki döwürde bu tabşyrygyň iş ýüzinde ýerine ýetirilip başlananlygyny aýtmak kyn, kassalarda her ýyl gaýtalanýan ýagdaý dowam edýär.
XS
SM
MD
LG