Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Litwaly we hytaýly ýüzüjiler uly üstünlige eýe boldular


Litwaly 15 ýaşly Ruta Meilutyte aýallaryň arasynda brass usulynda 100 metre ýüzmekde birinjiligi aldy.
Litwaly 15 ýaşly Ruta Meilutyte aýallaryň arasynda brass usulynda 100 metre ýüzmekde birinjiligi aldy.
Litwaly 15 ýaşly Ruta Meilutyte aýallaryň arasynda brass usulynda 100 metre ýüzmekde birinjiligi alyp, bu baltika döwletiniň taryhynda ýüzüş boýunça ilkinji altyn medala eýe boldy.

Duşenbe günki ýaryşda Meilutyte amerikaly Rebekka Soni bilen agyr bäsleşikde üstün çykdy.

Şol bir wagtyň özünde 16 ýaşly hytaýly ýüzüji zenan Ýe Şiwen doping ulanandyr diýip, öz garşysyna bildirilen şübheleri ret etdi.

Geçen hepdäniň şenbe güni 400 metrlik aralyga ýekelikde ýüzmek boýunça dünýä derejesinde iň ýokary netije görkezen Ýe doping bilen bagly aýyplamalary ret edip, gazanan üstünligine “agyr iş we türgenleşikler” netijesinde ýetenligini aýtdy.

16 ýaşly hytaýly ýüzüji zenan Ýe Şiwen, 30-njy iýul.
16 ýaşly hytaýly ýüzüji zenan Ýe Şiwen, 30-njy iýul.
Ýe Şiweniň doping ulanmagy baradaky çaklamalar Ýüzüş boýunça trenerleriň amerikan assosiasiýasynyň ýerine ýetiriji müdiri John Leonard tarapyndan öňe sürlüpdi. Ol Ýeniň görkezen işi “öň görlüp-eşidilmedik” we “alada dörediji” diýip atlandyrdy.

Hepdäniň sişenbe güni erkekleriň arasyndaky bäsleşik Olimpiadanyň ýüzüş boýunça ýaryşlarynyň üns merkezine düşdi. Amerikan sport ýyldyzy Maýkl Felps iki sany final bäsdeşliginde üstün çykan ýagdaýynda, taryhda iň görnükli olimpiada sportsmeni hökmünde yz galdyryp biler.

Amerikan sport ýyldyzy Maýkl Felps, 30-njy iýul.
Amerikan sport ýyldyzy Maýkl Felps, 30-njy iýul.
Ýeňiş Felpsiň Olimpiada oýunlarynda gazanan medallarynyň sanyny 19 ýetirip, rekord derejesine çykaryp biler. Şu çaka çenli iň köp, ýagny 18 medala Sowet Soýuzynyň zenan gimnasty Larisa Latynina eýe bolupdy.

Oýunlardan çykaryldy

Şol bir wagtda-da şweýsariýaly futbolçy Morganella Londondaky Olimpiada oýunlaryndan kowuldy. Ol öz komandasy Günorta Koreýadan utulansoň, Twitterde jynsparaz mazmunly maglumat ýerleşdirdi.

Şweýsar komandasynyň ýolbaşçysy Gian Gilli futbolçynyň “Günorta Koreýanyň futbol komandasynyň we bu ýurduň halkynyň mertebesine degenligini” aýtdy.

Gian Gilli Morganellanyň Olimpiadanyň akkreditasiýasyndan we oýunlara gatnaşmak mümkinçiliginden mahrum edilýänligini aýtdy.

Morganella Olimpiada oýunlary başlanaly bäri Twitterde kemsidiji mazmunly maglumat ýerleşdiren ikinji sportsmen boldy. Geçen hepdede Gresiýa özüniň böküji sportsmeni Woula Papahristouny oýunlara gatnaşmakdan mahrum etdi. Papahristounyň afrikaly immigrantlary kemsidiji mazmunly beýannamasy muňa sebäp boldy.

Mundan başga-da Britaniýanyň polisiýasy Twitterde britaniýaly daýwer-suwa çümüji olimpiada sportsmeni Tom Daýleýi garalaýjy maglumat ýerleşdirmekde şübhelenýän ýetginjegi ele salanlygyny habar berdi.

Daýleý duşenbe günki ýaryşda dördünji orny eýeledi. 18 ýaşly Daýleý öz atasynyň hatyrasyna altyn medala mynasyp bolmak isleýänligini aýdypdy. Habar berlişine görä, Twitterde çap edilen ýaňsylaýjy maglumatlarda Daýleýiň öz atasyny aldanlygy aýdylypdyr.
XS
SM
MD
LG