Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Hökümet güýçleri Aleppoda hüjümi dowam etdirýärler


Siriýanyň hökümet goşunlary geçen gije Aleppodaky gozgalaňçylaryň gözegçiliginde bolan raýonlary bombaladylar.

Bu ýerlerden gowuşýan maglumatlara görä, gozgalaňçylar garşylyk görkezip başlansoň Alepponyň söweş gidýän ýerlerini tütün gurşapdyr.

Amerikanyň NBC telekanalynyň beren maglumatlaryna görä, gozgalaňçylar hökümet goşunlarynyň dikuçarlaryny “ýer-howa” kysymly raketa okuna tutupdyrlar.

Maglumatda gozgalaňçylara şeýle raketa enjamlarynyň 20-ä golaýynyň Türkiýe arkaly getirilendigi aýdylýar.

Siriýanyň hökümet goşunlary bilen gozgalaňçylaryň arasyndaky söweş bu ýurduň beýleki regionlarynda hem dowam edýär.

Ýöne hökümet goşunlary soňky günlerde esasy güýçlerini gozgalaňçylary Aleppo şäherinden hem Damaskyň töwereginden gysyp çykarmaklyga gönükdirýärler.

Siriýada 2011-nji ýylyň mart aýynda başlanan protestler sebäpli ýüzlerçe müň adam öz öýlerini terk etmäge mejbur boldular.
XS
SM
MD
LG