Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: 2011-nji ýyl terrorçylyga garşy göreşde “özgeriş döwri” boldy



ABŞ terrorçylardan dürli howp-hataryň abanýandygy baradaky duýduryşlara garamazdan, 2011-nji ýyl terrorçylyga garşy global göreşde “özgeriş döwri” boldy diýip hasaplaýar.

Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň terrorçylyga garşy göreş baradaky ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

Onda terrorçylyga garşy göreşde iň möhüm wakalaryň biri hökmünde 2011-nji ýylyň 2-nji maýynda “Al-Kaýda” toparynyň lideri Usama bin Ladeniň öldürilmegi bilen bagly waka agzalýar.

Şol bir wagtda-da hasabatda “Al-Kaýda” toparynyň bölümleriniň Arap ýarymadasy ýaly ýerlerde berkemegi bilen, bu toparyň henize çenli ABŞ-nyň milli howpsuzlygyna wehim salýandygy bellenilýär.

Hasabatda ekstremistik toparlaryň Päkistanda “pena” tapmagyny dowam etdirýändigi aýdylýar.

Şeýle hem bu hasabatda Eýranyň terrorçylara ýardam bermekliginiň uly alada döredýändigi bellenilýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti bu hasabatda geçen ýylyň ýanwar aýynda Domodedowo aeroportunda hem-de 2011-nji ýylyň iýul aýynda Norwegiýada amala aşyrylan terrorçy hüjümleriniň terrorçylygyň global howpa öwrülendigini subut edýändigini nygtaýar.
XS
SM
MD
LG