Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goranmak ministri Ysraýyla sapar edýär



ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta Eýranda ýadro ýaragynyň döredilmeginiň öňüni almak üçin özleriniň hemme usullardan, şol sanda harby güýji ulanmakdan hem peýdalanmaklarynyň mümkindigini duýdurdy.

Bu barada Leon Panetta Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak bilen raketalara garşy goranyş sistemalary görmek üçin Aşkelon şäherine eden saparynda aýtdy.

1-nji awgustda giçlik Leon Panettanyň Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen duşuşyp, gepleşik geçirmegi göz öňünde tutýandygy aýdylýar.

Amerikanyň ýokary derejeli resmisi bu duşuşykda Eýranyň ýadro programmasyndan “nahili howp abanýar” diýen mesele boýunça hem iki ýurduň aňtaw gulluklarynyň özara maglumat alyş-çalyşygyny ýola goýmak barada gepleşik geçirjekdigini aýtdy.

Leon Panetta Ysraýyla barmazyndan öň Müsürde boldy. Müsürde ol ýurduň täze prezidenti hem Müsüriň harby goşunynyň serkerdebaşysy bilen duşuşyp, gepleşik geçirdi.
XS
SM
MD
LG