Sepleriň elýeterliligi

ABŞ türkmen hökümetiniň din azatlygyna az sarpa goýýanlygyny aýdýar


Aşgabatdaky Ärtogrul gazy metjidiniň minaralary

Aşgabatdaky Ärtogrul gazy metjidiniň minaralary

Birleşen Ştatlar Türkmenstanyň hökümetiniň din azatlygyna az sarpa goýýanlygyny aýdýar. Bu barada Döwlet departamentiniň din azatlygy boýunça ýaýradan ýyllyk hasabatynda aýdylýar. 30-njy iýulda ýaýradylan hasabatda dünýäniň dürli ýurtlarynda din azatlygynyň 2011-nji ýyl boýunça ýagdaýyna baha berilýär.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Waşingtonda ýerleşýän Karnegi Institutynda eden çykyşynda, dünýäde syýasy azatlyklar boýunça käbir öňegidişlikleriň bolanlygyna garamazdan, dini azatlyga gezek gelende “dünýäniň yza tarap typyp barýanlygyny” belledi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Din azatlygy boýunça täze hasabatynda Mýanmanyň (Birmanyň), Hytaýyň, Eýranyň, Demirgazyk Koreýanyň, Saud Arabystanynyň we ýene birnäçe döwletiň dini azatlyklar boýunça “aýratyn aladalanma döredýän ýurtlardygy” aýdyldy.

Türkmenistandaky ýagdaýa baha

Hasabatda, hususan-da, Türkmenistanda din azatlygyna ýurduň Baş kanunynda we käbir beýleki milli kanunlarynda güwä geçilýänligine garamazdan, din azatlygyna türkmen hökümeti tarapyndan hormat goýluşynyň pes derejede galýanlygy bellendi.

“Hökümet hasaba alnan we hasaba alynmadyk käbir toparlar babatynda diskriminasion usullary ulanmagyny dowam etdirdi. Häkimiýetler köplenç parahatçylykly dini ybadatlary jenaýatçylykly terrorçy hereketlerden tapawutlandyrmadylar. Birnäçe dini toparlara hasaba durmaga mümkinçilik berilmedi. Hökümet hasaba alnan toparlaryň-da dini ybadatlar üçin ýer almak, dini neşirlerini çap etmek ýa-da olary daşary ýurtlardan getirmäge mümkinçiliklerini çäklendirdi” diýip, hasabatda bellenýär.

Hasabatda bellenen öňegidişlikleriň arasynda Türkmenistanda rus prawoslaw buthanasynyň birnäçe täze ybadathanalaryny hasaba almak we Abadan şäherinde täze prawoslaw merkezini açmaga rugsat berlenligi aýdyldy.

Şeýle-de iýegowa şaýatlaryny gabawa salmak we olary esassyz tussag etmek barada maglumatlaryň azalanlygy bellendi. Emma, muňa garamazdan, hökümetiň harby gullukdan boýun gaçyran iýegowa şaýatlaryna iş kesmek çäreleri ulanmagynyň dowam etdirilenligi hasabatda aýdyldy.

Türkmen hökümeti bilen dialog

Döwlet departamentiniň din azatlygy boýunça hasabatyna görä, geçen ýylyň dowamynda amerikan resmileri türkmen hökümeti bilen geçiren duşuşyklarynda türkmen tarapyny din azatlygyny goldamaga çagyrdylar we harby gullukdan boýun gaçyran adamlara alternatiw gulluk etmek üçin mümkinçilik döretmek ýaly teklipleri öňe sürdüler.

Şeýle-de amerikan resmileriniň 2008-nji ýylda Türkmenistana sapar eden BMG-niň Din azatlygy boýunça dokladçysynyň rekomendasiýalarynyň türkmen hökümeti tarapyndan näderejede ýerine ýetirilýänligi bilen gyzyklanandyklary hasabatda aýdyldy. BMG-niň dokladçysy adamlaryň öz öýlerinde dini ybadatlaryny geçirmegine we olaryň dini bilimi almagyna çäklendirmeleri gowşatmak, dini toparlaryň registrasiýa düzgünlerini aňsatlaşdyrmak ýaly rekomendasiýalary öňe sürüpdi.

Dini guramalaryň ýagdaýy

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda din azatlygynyň bozulmaýanlygyny aýdýar. Şu ýylyň mart aýynda Nýu-Ýorkda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komissiýasynyň Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça geçiren diňlenişiginde daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Türkmenistanda dini ynançlara garşy gadagançylyklar baradaky maglumatlary ret etdi.

Bu diňlenişigiň öňüsyrasynda fewral aýynda pastor Ilmyrat Nurlyýew amnistiýa düşüp, türme tussaglygyndan boşadyldy. Nurlyýew 2010-njy ýylda kezzaplykda aýyplanyp, türmä höküm edilipdi. Adam hukuklaryny goraýjylar Nurlyýewiň tussag edilmegine onuň hristian buthanasyny hasaba aldyrmak üçin eden synanyşyklarynyň sebäp bolanlygyny aýtdylar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hasabatynda bellenişine görä, türkmen hökümeti ýurtda 121 sany dini guramanyň we 7 sany dini toparyň hasaba alnanlygyny aýdýar. Resmi maglumata görä, olaryň 104-si yslam dinine, 13-si rus prawoslaw dinine we ýene 11-si beýleki dini toparlara degişli bolup, bahaýylary we krişnaçylary öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG