Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda täze daşary syýasat kabul edildi


Özbegistanyň parlamenti prezident Islam Karimowyň harby ýaranlyklara agza bolmaklygy ret edýän täze daşary syýasatyny makullady.

Şeýle hem bu resminamada “Özbegistanyň integrirlenmegine daşyndan basyş edilip bilinmejegi” aýdylýar.

Şonuň üçin hem Özbegistanyň agza bolan haýsy-da bir guramasy syýasy ýa harby häsiýete eýe bolan halatynda, Özbegistan ondan çykmak hukugyna eýedir diýlip, bu dokumentde aýdylýar.

Resminama laýyklykda, Özbegistanyň territoriýasynda harby bazalar döredilmeli däl hem-de bu ýurtda daşary ýurtly goşunlar ýerleşdirilmeli däl.

Şeýle hem Özbegistanyň täze daşary syýasatyna laýyklykda, Özbegistan daşary ýurtlardaky harby hereketlere gatnaşyp bilmeýär.

Iýun aýynda Özbegistan Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyndaky (CSTO) agzalygyny togtatdy.

Bu guramanyň sekretary Nikolaý Bordýuža düýn, 31-nji iýulda çykyş edip, Daşkendiň bu guramadan çykmak baradaky kararynyň Özbegistana ýaramaz täsir etjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG