Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen olimpiadaçylarynyň ýedisi çykyş etdi


Türkmen boksçusy Serdar Hudaýberdiýew (çepde) hindistanly sportsmen Manoj Kumar bilen duşuşdy. 31-nji iýul, 2012 ý.
Türkmen boksçusy Serdar Hudaýberdiýew (çepde) hindistanly sportsmen Manoj Kumar bilen duşuşdy. 31-nji iýul, 2012 ý.

Londondaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen olimpiadaçylarynyň toparyndaky 10 atletden 7-si eýýäm öz güýjüni synap gördi.

Sişenbe güni 64 kg. çenli agramdaky boksçularyň arasynda Serdar Hudaýberdiýew hindistanly boksçy Manoj Kumardan, 7-13 hasaby bilen ýeňildi. Mundan öň, Türkmenistanyň olimpiýa toparynyň hataryndaky ikinji boksçy Nursähet Pazzyýew 28-nji iýulda 75 kilograma çenli agramda türkiýeli Adem Klyjy bilen bäsleşip, ol hem 7-14 hasaby bilen ýeňlipdi.

Serdar Hudaýberdiýew (sagda) hindistanly boksçy Manoj Kumardan ýeňildi. 31-nji iýul, 2012 ý.
Serdar Hudaýberdiýew (sagda) hindistanly boksçy Manoj Kumardan ýeňildi. 31-nji iýul, 2012 ý.


Sişenbe güni erkekleriň arasynda agyr atletika boýunça 69 kg. çenli agramdaky atletleriň arasynda geçirilen ýaryşda türkmen sportsmeni Daniýar Ismaýylow umumy hasapda 310 kg. toplap, ýaryşa gatnaşan 18 atletiň arasynda 13-nji orny eýeledi.

Türkmen komandasynyň düzümindäki ikinji agyr atletikaçy Umurbek Bazarbaýew duşenbe güni 62 kg. çenli agramdaky atletleriň arasyndaky bäsleşikde 302 kg. toplap, 14 atletiň arasynda 6-njy ýeri almagy başardy.

Türkmen atleti Gülnara Haýytbaýewa (ak eşikde) azerbaýjanly dzýudoçy Ramila Ýusubowa (gök eşikde) bilen bäsleşdi. 31-nji iýul, 2012 ý.
Türkmen atleti Gülnara Haýytbaýewa (ak eşikde) azerbaýjanly dzýudoçy Ramila Ýusubowa (gök eşikde) bilen bäsleşdi. 31-nji iýul, 2012 ý.

Sişenbe güni geçirilen 63 kg. çenli agramdaky aýallaryň arasyndaky dzýudo ýaryşynda, türkmen atleti Gülnara Haýytbaýewa azerbaýjanly dzýudoçy Ramila Ýusubowadan ýeňildi.

Şeýle-de sişenbe güni erkekleriň arasynda 100 metr aralyga erkin görnüşde ýüzmek boýunça geçirilen ýaryşda türkmen sportsmeni Sergeý Krowýakow bu aralygy 54.43 sekuntda geçip, umumy hasapda 46-njy orny eýeledi.

Türkmenistanyň toparyndan ikinji ýüzüji Jennet Saryýewa 29-njy iýulda 400 metr aralyga suwda ýüzmek boýunça ýaryşa gatnaşdy. Saryýewa bu aralygy 5 minut 40,29 sekuntda geçip, pellehana iň soňky bolup geldi.

Medallar ýok

Häzire çenli türkmen olimpiadaçylary Londonda medally orunlary almagy başarmadylar. 2012-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny beýän edýän Azatlyk Radiosynyň habarçysy Kabyl Mekeş hem muňa ünsi çekip, Londondan şeýle gürrüň berdi: “Olimpiýa oýunlarynda dünýäniň iň öňde baryjy sportmenleri özara bäsleşýärler. Emma Merkezi Aziýa sebitinden gelen atletler häzirlikçe dünýä derejesinde netijeleri görkezip bilenoklar. Diňe Gazagystan oňat çykyş edýär. Emma, gyrgyz, türkmen, täjik sportsmenleri onçakly gowy netijeleri görkezenoklar”.

Türkmenistanyň ýaşaýjylary-da, türkmen olimpiadaçylaryna başda köp umyt baglan bolsalar-da, olaryň çykyşlaryndan nägilediklerini aýdýarlar. Türkmen sportsmenleriniň çykyşlaryna yzygider seredýän aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle gürrüň berýär: “Elbetde, her kimiň ýeňiji bolasy gelýär, her kimiň öz sportsmenine buýsanasy gelýär. Ýöne garaşylýan netijeler gazanylmady”.

Emma Bugaýew türkmen sportsmenleriniň çykyşlary milli sportuň ertirene umyt bagladýandygyny, ýeňiş gazanmasalar hem öz ildeşlerinde buýsanç duýgularyny döredýändigini belleýär.

Londondaky geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda indi 85 kg. çenli agramdaky erkekleriň arasynda agyr atletika boýunça Mansur Rejepow, erkekleriň arasynda ýekedaban zyňmak boýunça Mergen Mämmedow we aýallaryň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça Maýsa Rejepowa dagy öz güýçlerini synap görerler. Şol üç türkmen sportsmeniniň ählisi hem 3-nji awgustda bäsleşerler.

XS
SM
MD
LG