Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: giriş synaglaryndaky galplyklar


Özbegistanyň ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglary başlandy, 1-nji awgust.
Özbegistanyň ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglary başlandy, 1-nji awgust.
Her ýyl iýul aýynda Jemşit kellesini kitaplaryndan galdyrman okamagy halys endik edinipdir. Beýleki okumyş özbek ýaşlary ýaly, ol hem tutuş aýyny taryh kitaplaryna göz aýlap, dil baýlygyny kämilleşdirmek maksady bilen okap geçirmäge synanyşýar. Şol synanyşyklaryň hemmesi her ýyl 1-nji awgustda geçirilýän giriş synaglaryna gatnaşyp, abraýly Daşkent Döwlet Hukuk institutynda öz ornuňy eýelemekden ybarat.

Hakyky adynyň agzalmagyny islemeýän Jemşit adaty bir talyp däl. Ol belli bir möçberde edilen tölegiň öwezine, beýleki kandidatlaryň ornuna synaga gatnaşyp girdeji gazanýanlaryň biridir.

Jemşidiň başgalara synaglardan galplyk bilen geçmäge ýardam edýän toparlarda “işlemekde” dört ýyllyk tejribesi bar. Şeýle işleri amala aşyrýanlara halk arasynda “esgerler” hem diýilýär.

"Meniň wezipäm her ýyl galp pasport bilen "esger" hökmünde instituta girmekdi. Surat meniňkidi, emma ondaky maglumatlar maňa degişli däldi. Biz iýun aýynda öz okuwymyzy tamamlap, yzy bilen iýul aýynyň 1-nden okamaga başlaýardyk. Biz iki ýa-da üç otagly kwartirada ýaşaýardyk we biziň işimiz diňe synaglara taýýarlanmakdy” diýip, Jemşit gürrüň berýär.

Merkezi Aziýa hem-de öňki Sowet Soýuzyna girýän ýurtlaryň bilim sistemasynda korrupsiýa esasy problema bolup gelýär. Şol ýurtlarda uniwersitetlerde hödürlenýän orunlar az we synaglaryň görkezijileri bolsa has ýokary.

Bu ýyl 431 müň özbek ýaşlary ýurduň uniwersitetlerine we institutlaryna kabul ediljek 56 müň talybyň arasyna girip bilmek üçin ýaryşýarlar. Kabul ediljekleriň sany dalaşgärleriň sekizden birine deň.

Daşkent Medisina Akademiýasynyň Fergana bölümi ýaly köp isleg bildirilýän okuwlarda bolsa problema has hem ýiti, oňa her orna 21 arza gowşupdyr. Daşkent Yslam uniwersitetinde bolsa her orna 13 dalaşgär arza beripdir.

Bu ýyl 431 müň özbek ýaşlary ýurduň uniwersitetlerine we institutlaryna kabul ediljek 56 müň talybyň arasyna girip bilmek üçin ýaryşýarlar.
Bu ýyl 431 müň özbek ýaşlary ýurduň uniwersitetlerine we institutlaryna kabul ediljek 56 müň talybyň arasyna girip bilmek üçin ýaryşýarlar.
Özbegistanyň demirgazygynda ýerleşýän Horezm welaýatynyň ýaşaýjysy Gülruh Daşkent uniwersitetiniň Daşary ýurt dilleri fakultetiniň Iňlis dili bölüminde okamagy umyt edýär. Onuň aýtmagyna görä, uniwersitetleriň hödürleýän orunlary gyt bolany üçin, Gülruh ýaly talyplara bäsdeşlerinden saýlanmak üçin diňe bir ýol galýar.

"Men uniwersitete girmegi özüme maksat edindim. Ýöne häzirki günlerde bu gaty kyn. Munuň üçin hem puluň bolmaly hem-de gowy bilimiň" diýip, Gülruh aýdýar.

Günbatardaky talyplaryň tersine, Özbegistanda we beýleki postsowet ýurtlarynda dalaşgärler her ýylda diňe bir okuw jaýyna öz arzasyny tabşyryp bilýärler. Giriş synagynda şowsuzlyk - ýene bir ýyllap garaşmalydygyny aňladýar, indiki ýyl dalaşgärler ýene-de netijesi näbelli bolan şeýle synagdan geçmeli bolýarlar.

Gazyklanmanyň şeýle köplügi sebapli, dalaşgärleriň uly bir bölegi synagdaky galplyklarda ussatlaşan adamlara ýüz tutýarlar. Olar nyrhy 10 müň amerikan dollaryna baryp ýetýän giň möçberdäki hyzmatlary hödürleýärler.

Şeýle hem synag jogaplaryny gowşuryjy "esgerler" synaga gatnaşýan adaty dalaşgärlere zerur jogaplary gizlenen telefonlar arkaly aýdyp bermek, synag geçirilýän formulanyň koduny gowşurmak, göçüriji galamlar ýaly, synag galplyklarynda peýdalanyp boljak käbir beýleki zatlary synag geçirilýän otaglara gizlin eltip bermek ýaly hyzmatlaram hödürleýärler.

Jemşit synagda galplyk etmek bilen bagly işi boýunça bir aýda 3 muň dollar gazanandygyny, emma bu işi guramalaşdyrýanlaryň girdejisiniň juda ýokarydygyny aýdýar.

Synaglar bilen meşgullanýan resmi agentlik hem-de Magaryf ministrligi bilen ýakyn aragatnaşykda bolan şeýle toparlaryň bolsa ýyllyk girdejisiniň 50 müň dollara golaý bolýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG