Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olimpiýa gündeligi: "Suwdan doly bulgurlary götereris"


Gürjüstanyň dzýudo ýyldyzy Waleriý Liparteliýani
Gürjüstanyň dzýudo ýyldyzy Waleriý Liparteliýani

Gürjüstanyň dzýudo ýyldyzy Waleriý Liparteliýani Londondaky Olimpiýa ýaryşlaryna gatnaşýan sportsmenleriň biri. 23 ýaşly sportsmen dünýäniň iň uly sport çäresinde sahnanyň arkasyndaky durmuşyň özünde galdyrýan täsirleri barada her gün Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Bu gün meniň keýpim örän kök, Şawdatuaşwiliň erkekleriň dzýudo ýaryşynda gazanan ýeňişi baradaky şatlygymy beýan edip hem biljek däl. Bu biziň Olimpiýa oýunlarynda gazanan ilkinji altyn medalymyz boldy.

Gynansakda men Laşanyň ondan soňky göreşlerini görüp bilmedim. Biz öz türgrenleşiklerimizi sypdyryp, olardan çykyp bilmeýärdik. Ýöne biziň ýüreklerimiz onuň bilendi. Biz täzelikleri ýaryş zalynda eşidýärdik, olaram juda ýakymly habarlardy.

Ilkibaşda Laşanyň çilili Alehandro Zunigany we fransiýaly Deýwid Larosy ippon (göreşi wagtyndan öň tamamlaýan iň ýokary bal) bilen ikisini hem ýeňendigini eşitdik.

Türgenleşigiň ahyryna çenli zordan çydap saklandyk. Türgenleşikler gutaran badyna zala barmaga howlukdyk.

Gürjüstanly dzýudoçy Laşa Şawdatuaşwili Londondaky Olimpiýa oýunlarynda altyn medaly almagy başardy. 29-njy iýul, 2012 ý.
Gürjüstanly dzýudoçy Laşa Şawdatuaşwili Londondaky Olimpiýa oýunlarynda altyn medaly almagy başardy. 29-njy iýul, 2012 ý.
Haçanda ol ýere girenimizde, Laşa eýýäm üçünji ýaryşynyň ortasynda ekeni we biz onuň britaniýaly Kolin Oatesini hem ussatlyk bilen ýeňendigine şaýat bolduk.

Ýarym finalda Laşa, dzýudonyň dogduk mekanyndan gelen ýaponiýaly atlet Masaşi Ebinumany ýeňmegi bilen ýene-de hemmeleri haýrana galdyrdy.

Giçlik finala tomaşa etdik, bu Laşanyň bäşinji we ömründäki iň möhüm göreşidi. Onuň bäsdeşi Ýewropanyň üç gezek çempiony, wengriýaly Miklos Ungwaridy. Ungwari Ýewropada ilkinji baýragyny almagy başaranda, Laşa bary ýogy 11 ýaşyndady.

Ýaryş kyn we çekeleşikli boldy, emma Laşa birneme tapawutlanýardy. Ol hakykatdan hem şol altyn medala mynasypdy. Ol häzir bary ýogy 20 ýaşynda, ýöne sportda onuň uly mümkinçilikleriniň bardygyna hiç hili şübhäm ýok.

Londonda hemmeler diýseň şat, toparymyzyň bir agzasynyň ýeňişini Gürjüstanyň tutuş delegasiýasy dabaralandyrýar. Biziň ýaly atletlere bu ýeňiş diňe bir uly şatlyk bolman, eýsem, ol biziň üçin uly goldaw we itergi bolup hyzmat edýär.

Gürjüstanda adamlaryň nä derejede begenendigini göz öňüme getirjek bolýan, esasan-da Laşanyň dogduk – Gori şäherinde. Gynansakda ýörite türgenleşik düzgüni zerarly, biz entek bu ýeňişi doly derejede belläp bilemzok, emma biziň delegasiýamyz we janköýerlerimiz muny gowy bellärler.

Agşamlyk naharlar barada aýdylanda, aşhana her gün 24 sagat açyk, islän wagtyň baryp bolýar. Şu günki agşamlyk naharyny biz dabara bilen geçireris. Suwdan doly bulgurlarymyzy galdyryp we gürji däp-dessurlaryna eýerip: "Hudaý saňa suwyň güýjüni bersin" diýip, olary boşadarys.
XS
SM
MD
LG