Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olimpiýa gündeligi: "Tagamly naharlar sebäpli, barymyzyň agramy artdy"


Gürjüstanyň dzýudo ýyldyzy Waleriý Liparteliýani
Gürjüstanyň dzýudo ýyldyzy Waleriý Liparteliýani

Gürjüstanyň dzýudo ýyldyzy Waleriý Liparteliýani Londondaky Olimpiýa ýaryşlaryna gatnaşýan sportsmenleriň biri. 23 ýaşly sportsmen dünýäniň iň uly sport çäresinde sahnanyň arkasyndaky durmuşyň özünde galdyrýan täsirleri barada her gün Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Ýagyş ýaňy diňdi. Ýuwaş şemal öwsüp, howa birneme salkynlady. Londonda her gün diýen ýaly ýagyş sepeleýär. Biziň ýaly dzýudoçylar üçin bu onçakly uly mesele hem däl. Ýagyş ýagsyn-ýagmasyn bize onuň tapawudy-da ýok.

Ýöne sportuň käbir görnüşleri üçin howa uly rol oýnaýar. Mysal üçin, ýaýdan atmak sportuny alyp göreliň. Biziň toparymyzyň bir agzasy – Kristin Esebuanyň Çiliniň sportsmeni bilen 30-njy iýuldaky ýaryşy, erbet howa şertleri sebäpli, iyulyň 31-ne geçirildi.

Biziň dzýudo komandamyz barada gürrüň edilende, şu gün Nugzar Tatalaşwiliniň ýaryşmak nobaty geldi. Ol erkekleriň 73 kg. agrama çenli toparynda koreýaly Ki-Çun Waň bilen bäsleşdi. Nugzar elinden gelenini etdi. Ol soňuna çenli göreşdi, emma ol örän ujypsyzja aratapawut bilen ýeňilişe sezewar boldy. Meniň pikirimçe, sudýalar Ki-Çun Waňa biraz artykmaçlyk bilen garadylar. Ýöne, bu meniň diňe öz şahsy pikirim.

Men şu güni topar türgenleşiklerinden başladym. Tataminiň, ýagny dzýudo düşeginiň üstüne çykmaly günüm barha ýakynlap gelýär.

Biz güýjümizi gaýgyrman türgenleşýäris. Üstesine-de biz birneme horlanmaly. Meniň pikirimçe, olimpiýa şäherçesindäki naharlaryň örän tagamly taýýarlanmagy, biziň goşmaça agram almagymyza sebäp bolýar.

Biziň üçin agramymyzy bir durkda saklamak örän möhüm. Eger-de sportsmeniň agramy çykyş edýän toparyndaky kesgitlenen agram araçäginden bir gram hem artykmaç çyksa, onda şol atletiň ýaryşdan çetleşdirilmek howpy hem bar.

Gynansakda, biziň boksçumyz şeýle bir ýagdaýyň pidasy boldy. 56 kilogram toparynda çykyş edýän, Gürjüstanyň ýeketäk boksçusy Merab Turkadzeniň agramy 300 gram artykmaç çykandygy sebäpli, ol ýaryşdan çetleşdirildi.

Men 90 kg. agram toparynda çykyş edýärin. Agramyma bir gram hem goşulsa, meni ýaryşa gatnaşdyrmazlar. Eger agramym kesgitlenen araçäkden kem çyksa, onda munuň hiç hili zyýany ýok. Belki tersine, munuň gowy hem bolmagy ähtimal.

Gürjüstanly dzýudoçy Awtandil Çrikişwili 81 kg. agram toparynda 31-nji iýulda bäsleşer. Biz bu waka sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Men bolsa, öz güýjümi 1-nji awgustda synap görerin.
XS
SM
MD
LG