Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Damaskyň töwereginde azyndan 35 adam öldürildi


Siriýaly aktiwistleriň berýän maglumatlaryna görä, hepdäniň penşenbe güni ýurduň howpsuzlyk gulluklarynyň Damaskyň töweregine amala aşyran barlag reýdleriniň netijesinde 35 adam öldürilipdir.

Heläk bolanlardan käbirleriniň gynalyp, soňra jezalandyrylandygy habar berilýär.

Siriýadaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna gözegçilik edýän, düýbi Londonda ýerleşýän gurama Siriýanyň režimine degişli güýçleriň Damaskyň günorta-gündogaryndaky Jdaidet Artouz diýlip atlandyrylýan raýona baryp, “100-e golaý ýaş adamy tussag edip, olary awtobus bilen bir mekdebe äkidip, gynadylar” diýip, maglumat berdi.

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, hökümet goşunlary hem tanklar yza çekilensoň köçelerde hem öýlerde öldürilen adamlaryň jesetleri ýatyrdy.

Ýurduň döwlet telewideniýesinde bolsa Jdaidet Artouzda “onlarça terrorçynyň hem hakyna tutulan söweşijiniň tabyn bolandygy hem öldürilendigi” barada habar berildi.

Şeýle hem Siriýada adam hukuklarynyň ýagdaýyna gözegçilik edýän gurama 2-nji awgustda gözgalaňçylaryň ele salnan tanklary ulanyp, Alepponyň golaýynda ýerleşýän hökümetiň howa bazasyny bombalandyklaryny habar berdi.

“Menagh” howa bazasy harby dikuçarlary bilen Aleppo şäherine hüjüm etmek üçin ulanylýardy diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG