Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Pussy Riot” pank toparyna garşy sud prosesi dowam edýär


Penşenbe güni Orsýetde aýal-gyzlardan düzülen “Pussy Riot” pank toparynyň üç agzasyna garşy gozgalan sud prosesi togtadylyp, soňra gaýtadan geçirilip başlandy.

Penşenbe güni irden telefon arkaly bomba hüjümi barada haýbat atylansoň, sud seljerişligi wagtlaýyn togtadylypdy.

Suduň resmileri hiç hili bombanyň tapylmandygyny aýtdylar.

Sud seljerişligi hepdäniň duşenbe güni başlaly bäri, eýýäm üç gezek wagtlaýyn togtadyldy.

Çarşenbe güni aýyplanýanlaryň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşansoň, resmiler sud prosesini iki gezek togtadyp, tiz kömek maşynlary çagyrmaly boldular.

24 ýaşly Mariýa Alýohina, 22 ýaşly Nadežda Tolokonnikowa we 29 ýaşly Ýekaterina Samusewiç huligançylykda aýyplanýarlar.

Olar şu ýylyň mart aýynda Moskwanyň merkezi hristian ybadathanasynyň içinde prezident Putiniň dolandyryşyny ýazgaryjy kinaýaly protest aýdymy bilen çykyş edenlerinde tussag edilipdiler.

Orsýetiň prokuraturasy olary prawoslaw hristianlaryň duýgusyna “ýara salanlykda” aýyplaýar.

Olaryň günäsi subut edilen halatynda olar 7 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilip bilnerler.
XS
SM
MD
LG