Sepleriň elýeterliligi

Kabulda geçirilen barlag reýdinde azyndan 8 jeňçi öldürildi


Owgan resmileriniň beren maglumatlaryna görä, Kabulda köpçülikleýin hüjümi planlaşdyran azyndan 8 adam ýedi sagat dowam eden ok atyşykda öldürilipdir.

Owganystanyň howpsuzlyk boýunça milli dolandyryş edarasynyň metbugat wekili Lutfullah Maşal owgan goşunlary tarapyndan amala aşyrylan reýdde bäş adamyň öldürilendigini aýtdy.

Ýene üç adam bolsa daň atansoň Kabulyň Pul-i Çakri raýonynda ýerleşýän bir öýde atylyp öldürilipdir. Bu öýde partlaýjy maddalary bilen doldurylan ulag tapylypdyr.

Owganystanyň Aňtaw gullugynyň hüjümiň planlaşdyrylýandygy baradaky maglumaty howpsuzlyk gulluklarynyň şeýle reýdi geçirmegine sebäp boldy, diýlip habar berilýär.

Muňa garamazdan, penşenbe güni "Talyban" Owganystanyň hökümet goşunlarynyň geçirilen harby operasiýasynyň özlerine garşy gönükdirilendigini ret edýän beýanat ýaýratdylar.
XS
SM
MD
LG