Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin iş sapary bilen Britaniýa barýar


Kremliň metbugat gullugynyň beren maglumatlaryna görä, Putin Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron bilen duşuşyp, gepleşik geçirer.

Bu duşuşykda Siriýadaky ýagdaý, Eýranyň ýadro programmasy ýaly meseleleriň gozgaljakdygy aýdylýar.

Wladimir Putiniň Olimpiýa oýunlarynda dzýudo boýunça bäsleşige tomaşa etmegine garaşylýar.

Hepdäniň çarşenbe güni “Times” gazetinde britan syýasatçylarynyň hem jemgyýetçilik işgärleriniň Putiniň adyna ýazan açyk haty çap edildi.

Hatyň awtorlary Putine ýüzlenip, Orsýetdäki syýasy tussaglary, şol sanda “Ýukos” kompaniýasynyň öňki ýolbaşçylaryny hem-de aýal-gyzlardan düzülen “Pussy Riot” pank toparynyň üç agzasyny azat etmäge çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG