Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Lahoryň gök bazaryndaky partlamada azyndan 19 adam ýaralandy


Pakistanyň Lahor şäheriniň gök bazarynda çarşenbe güni giçlik iki bombanyň partlamagy netijesinde azyndan 19 adamyň ýaradar bolandygy aýdylýar.

Bu hüjümiň Oraza aýynda agyz bekleýän ýerli ilat agyzaçara gök önümleri almak üçin bazara ýygnanyşan wagty amala aşyrylandygy aýdylýar.

Resmileriň beren maglumatlaryna görä, bombalar belli bir wagtdan soň partlar ýaly enjamlaşdyrylypdyr.

Bombanyň biri maşyn goýulýan ýerde ýerleşdirilipdir, beýlekisi bolsa bazar arabasynyň aşagyna goýulypdyr.
XS
SM
MD
LG