Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda 15 adam içalyçylykda aýyplanyp, tussag edildi


Owganystanda 15 adam içalyçylykda aýyplanyp, tussag edildi.

Owganystanyň howpsuzlyk boýunça milli dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysy Rehmatullah Nabiliň aýtmagyna görä, içalyçylykda aýyplanyp tussag edilenleriň arasynda ýokary derejeli çinownikler hem harby generaly bar.

Rehmatullah Nabil olaryň käbiriniň Pakistanyň pudagara aňtaw gullugy hem Eýranyň ýörite gulluklary bilen hyzmatdaşlyk edendiklerini boýun alandygyny aýtdy.

Şeýle hem Owganystanyň howpuzlygyna jogapkär ýolbaşçy soňky ýylyň dowamynda Owganystanyň aňtaw gullugynyň işinde öňegidişligiň gazanylandygyny aýdyp, oýlanyşykly hereketleri arkaly ýurduň resmileriniň janlaryna kast etmek synanyşygynyň birnäçesiniň öňüni alandyklaryny nygtady.

Rehmatullah Nabil aňtaw gullugynyň terrorçy toparlarynyň üstüni açyp, ölümine kaýyl bolanlaryň hüjümleriniň öňüni almak ukybynyň ösendigini hem belledi.

Ýöne owgan resmileriniň bu çykyşlaryna garamazdan, ýerli metbugatda talyplaryň Owganystanyň hökümet işgärlerine hem daşary ýurt harby gullukçylaryna hüjüm edýändikleri barada yzygiderli habar berilýär.
XS
SM
MD
LG