Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda 17 ýaşly ýetginjek 8 adamy öldürdi


Hytaýyň resmi metbugatynda berlen maglumatlara görä, 17 ýaşly ýetginjek 8 adamy pyçaklap öldüripdir, ýene 8 adamy ýaralapdyr.

Hytaýyň Ksinhua habar gullugy bu wakanyň çarşenbe güni giçlik ýurduň Liaoning welaýatynda ýüze çykandygyny habar berýär.

Maglumatlara görä, 17 ýaşly Li öz halaşýan gyzynyň öýüne baryp, ol ýerde dawa turzup, gyzyň iki garyndaşyny pyçaklap öldüripdir. Soňra ol köçede ýene 6 adamy öldürip, bäşisini ýaralapdyr.

Ksinhua habar gullugy jenaýatçynyň tussag edilip, jogapkärçilige çekilýändigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG