Sepleriň elýeterliligi

Ukraina we Orsýet medal utdy, özbek gimnasty oýundan çykaryldy


Ukrain kürekçileri Katerina Taraşenko, Nataliýa Dowgodko, Anastasia Koženkowa we Ýana Dementiýewa dagy Londonda altyn medal utdy. 1-nji awgust, 2012

Ukrain kürekçileri Katerina Taraşenko, Nataliýa Dowgodko, Anastasia Koženkowa we Ýana Dementiýewa dagy Londonda altyn medal utdy. 1-nji awgust, 2012

Ukraina çarşenbe güni aýallaryň arasynda geçirilýän dört adamlyk kürekleme ýaryşynda pellehana iň golaý bäsdeşlerinden iki sekuntdan gowrak öň gelip, altyn medal utdy. Bu Ukrainanyň Olimpiýa oýunlarynda kürekleme ýaryşy boýunça gazanan ilkinji altyn medalydyr.

Katerina Taraşenko, Nataliýa Dowgodko, Anastasia Koženkowa we Ýana Dementiýewa dagynyň komandasy ýaryşy 6 minut 35.93 sekuntda tamamlamak üçin bir sydyrgyn tehnika ulandy. Bu ýaryşda Germaniýa kümüş, Birleşen Ştatlar bolsa bürünç medal utdy.

Şu aralykda, günorta koreýaly Jiýeon Kim aýallaryň arasynda geçirilýän başa-baş gylyçlaşmak ýaryşynda orsýetli kümüş medal eýesi Sofýa Welikaýany 15-9 hasabynda ýeňip, altyn medal utdy. Bu Günorta Koreýanyň aýallaryň arasyndaky gylyçlaşma ýaryşynda alan ilkinji altyn medalydyr.

Ukrainaly Olga Harlan Birleşen Ştatlardan gelen Mariýel Zagunisi 15-10 hasabynda ýeňip, bürünç medal aldy.

Aýallaryň arasynda tigir sürmek boýunça geçirilen ýaryşda Birleşen Ştatlardan gelen Kristin Armstroň özüniň tapgyr ikinji altyn medalyny gazandy. Germaniýaly Judith Arndt kümüş, orsýetli Olga Zabelinskaya bürünç medal utdy.

38 ýaşyndaky Armstroň 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda çempion bolupdy.

Özbegistanly Galiulina oýundan çykaryldy

Özbegistanly Luiza Galiulina çarşenbe güni Londonda geçýän Olimpiýa oýunlaryndan çykaryldy.

Özbegistanly Luiza Galiulina çarşenbe güni Londonda geçýän Olimpiýa oýunlaryndan çykaryldy.

Çeperçilik gimnastikasy boýunça ýaryşa gatnaşýan özbegistanly Luiza Galiulina çarşenbe güni Londonda geçýän Olimpiýa oýunlaryndan çykaryldy. Barlaglar onuň gadagan edilen furosemid maddasyny ulanýandygyny görkezdi. Ol Londonda geçýän Olimpiýa oýunlaryndan gadagan edilen maddalary ulanany üçin çykarylan üçünji atletdir.

Köplenç “Lasix” diýen at bilen satylýan furosemid ýokary gan basyşyny, ýürek kesellerini we suwuklygyň artyklygy netijesinde dörän çişleri bejermek üçin ulanylýar. Şeýle-de ol ýaryşda atlaryň burnunyň ganamagynyň öňüni almak üçin ulanylýar.

Halkara Olimpiýa komiteti çarşenbe güni London oýunlaryna gatnaşýan 8 badmintonçyny hem oýundan çykardy. Olar bilkastdan gowşak oýnamakda aýyplandy.

Olimpiýanyň futbol ýaryşynda müsürli erkekleriň komandasy, belarus komandasy bilen bolan soňky tapgyr oýnuň ikinji ýarymynda derwezä 3 pökgi salyp, 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy we çärýek finalda öňe saýlandy.

Çarşenbe güni aýallaryň arasynda geçirilýän basketbol ýaryşynyň dowamynda Orsýet Britaniýany 67-61 hasabynda utmagy başardy.

Şu aralykda, Orsýetiň komandasy aýallaryň arasynda geçirilýän woter polo, suw pökgüsi ýaryşynda Londonda şu wagta çenli oýnan ikinji oýnunda Italiýany 7-4 hasabynda utmagy başardy.

Bu ýeňiş rus aýallaryny B toparynyň ýokary başynda goýýar.
XS
SM
MD
LG