Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti terbiýeçilik işlerini berkitmäge çagyrýar


(çepden saga) Türkmenistanyň Baş prokurory Ý. Ýazmyradow, içeri işler ministri I. Mulikow we Döwlet serhet gullugynyň täze başlygy A. Garaýew howpsuzlyk maslahatynda, Aşgabat, 1-nji awgust.

(çepden saga) Türkmenistanyň Baş prokurory Ý. Ýazmyradow, içeri işler ministri I. Mulikow we Döwlet serhet gullugynyň täze başlygy A. Garaýew howpsuzlyk maslahatynda, Aşgabat, 1-nji awgust.

Çarşenbe güni, 1-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmen metbugaty bu mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýedi aýyndaky işiniň netijeleri barada gürrüň edilendigini habar berýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini açyp, onda ýedi aýlyk işiň netijeleri bilen bir hatarda, ýurduň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has pugtalandyrmaga degişli meselelere hem serediljegini aýtdy.

Milli howpsuzlyk ministri Ý. Berdiýew öz çykyşynda ýokary hünärleri işgärleri taýýarlamak we ministrligiň düzümini kämilleşdirmek boýunça edilen işler barada hasabat berdi.

General Yslamowyň kemçiligi

Döwlet serhet gullugynyň başlygy M. Yslamow wezipesinden boşadyldy, 1-nji awgust.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy M. Yslamow wezipesinden boşadyldy, 1-nji awgust.

Mejlisde ikinji bolup Döwlet serhet gullugynyň başlygy Myrat Yslamow hasabat berdi we, başga işe geçýänligi sebäpli, wezipesinden boşadyldy. Türkmen telewideniýesi onuň prezidente ýüzlenip aýdan sözlerinden bir bölegi efire berdi.

“Wezipämde guramaçylyk tarapyndanam işde kemçilik goýberdim, belent serkerdebaşymyz” diýip, Yslamow özüniň haýsy işe iberilse, ak ýürekden işlemäge taýýardygyny bildirdi.

Türkmen metbugaty Myrat Yslamowyň işde goýberen kemçilikleriniň anyk nämelerden ybaratdygyny habar bermedi.

Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A. Garaýew hem wezipesinden boşadyldy. Prezident Berdimuhamedow ony Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesine belledi.

Sagdyn jemgyýet howpsuzlygy

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş gullugynyň başlyklygyna podpolkownik Atadurdy Osmanow bellendi, 1-nji awgust.

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş gullugynyň başlyklygyna podpolkownik Atadurdy Osmanow bellendi, 1-nji awgust.

Mejlisde Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň ady üýtgedildi. Ol indiden eýläk Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş gullugy diýlip atlandyrylmaly edildi. Prezident bu döwlet gullugynyň başlyklygyna podpolkownik Atadurdy Osmanowy belleýändigini aýtdy.

Goranmak ministri B. Gündogdyýewiň hasabatyndan soň, prezident Berdimuhamedow milli goşunyň kuwwatyny artdyrmak we ony has-da kämilleşdirmek, ýurduň ýaragly güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak barada gürrüň etdi diýip, TDH ýazýar.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mežlisinde baş prokuror Ý. Ýazmyradow, içeri işler ministri I. Mulikow dagy hem şu ýylyň ýedi aýynda edilen işler boýunça hasabat berdi.

Prezident Berdimuhamedow mežlisiň dowamynda G. Tugurowy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Nyýazow adyndaky institutynyň okuw we ylmy işler boýunça prorektory wezipesine belledi. Şeýle-de, prezidentiň karary bilen Döwlet serhet gullugynyň başlyklygyndan boşadylan general-leýtenant M. Yslamowyň Türkmenistanyň Serhet institutynyň terbiýeçilik işleri boýunça prorektory wezipesine bellenendigi habar berilýär.

"Zandy halal adamlar seçilmeli"

Türkmen telewideniýesiniň diktory prezidentiň Ýokary kazyýetiň başlygy A. Hallyýewiň hasabatyny diňläp, bu ulgamda işgärleri seçip almak boýunça anyk tabşyryk berendigini aýdyp, şeýle diýdi:

“Adamlaryň ykbalyna dahylly iş alyp barýan kazy diýen belent derejä diňe kanunlaryň rüstemligini ykrar edip, ak ýürekli we zandy halal adamlar mynasyp bolmalydyrlar” diýip, döwlet baştutanymyz aýtdy.”

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesine A. Garaýew bellendi, 1-nji awgust.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesine A. Garaýew bellendi, 1-nji awgust.

Türkmenistanyň adalat ministri M. Garryýew, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A. Hojamgulyýew, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D. Baýramow dagy hem özleriniň ýedi aýda eden işleri barada hasabat berdiler.

Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň diňe goranmak häsiýetlidigini aýratyn nygtap, bu ugra degişli maddy-enjamlaýyn binýadyň berkidilmegine, harby gullukçylaryň iş we ýaşaýyş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna yzygiderli üns beriljegini belläpdir.

Döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty prezident Berdimuhamedowyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini jemläp, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň başlyklaryna şahsy düzümiň arasynda geçirilýän terbiýeçilik işlerini gowşatmazlygy tabşyrandygyny habar berýär.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselä seredilip, degişli kararlar kabul edilipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG