Sepleriň elýeterliligi

Siriýa boýunça ýörite wekil Kofi Annan wezipesinden çekilýär


BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Kofi Annan özüniň bu wezipäni terk edýändigini mälim etdi.

2-nji awgustda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Kofi Annanyň özüne hem Arap Ligasyna 31-nji awgustda möhleti tamamlanýan mandatyny uzaltmak islemeýändigi barada aýdandygy hakda ýörite beýanat ýaýratdy.

Iýun aýynda Kofi Annanyň 6 maddalyk planynyň netije bermeýändigi barada aýdylyp, oňa duýduryş berlipdi. Bu planyň Siriýanyň režimi sebäpli başa barmaýandygy bellendi.

2-nji awgustda ýaýradylan beýanatda BMG-niň Baş sekretary Siriýada söweşýän iki tarap hem “barha artýan zorluga daýanmaklaryny dowam etdirýändiklerini görkezýär” diýip ýazýar.

Ban Ki-mun Kofi Annanyň ýerine bellenilmeli kandidat barada özüniň Arap Ligasy bilen maslahat geçirýändigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG