Sepleriň elýeterliligi

Türkmen emini Olimpiadadan gyrakladyldy


Azeri boksçusy Magomed Abdulhamidow (çepde) bilen ýaponiýaly boksçy Satoşi Şimizunyň (sagda) bäsleşigine Işanguly Meretnyýazow eminlik etdi, 1-nji awgust.

Azeri boksçusy Magomed Abdulhamidow (çepde) bilen ýaponiýaly boksçy Satoşi Şimizunyň (sagda) bäsleşigine Işanguly Meretnyýazow eminlik etdi, 1-nji awgust.

Halkara boks federasiýasy türkmen emini Işanguly Meretnyýazowy “yzyna ugratdy” diýip, “Euronews” telekanalynyň habar merkezi maglumat berýär.

BBC Rus gullugynyň berýän maglumatyna görä, Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde azeri boksçusy Magomed Abdulhamidow bilen ýaponiýaly boksçy Satoşi Şimizunyň arasynda geçirilen bäsleşigiň netijesi boýunça dawa ýüze çykypdyr. Bu duşuşyga türkmenistanly Işanguly Meretnyýazow eminlik etdi.

Abdulhamidowyň duşuşygyň üçünji tapgyrynda alty gezek ýere ýykylandygyna garamazdan, bäsleşigiň netijesinde onuň 22:17 hasaby bilen yeňiji diýlip yglan edilendigi habar berilýär.

Azeri boksçusynyň ýere ýykylandygyna garamazdan, Meretnyýazow duşuşygy duruzman, bäsleşigi dowam etdiripdir. Üstesine-de, Meretnyýazow Abdulhamidowyň kellesindäki baş goragyny düzedip, munuň bilen ýaponiýaly boksçynyň toparynda nägilelik döretdi diýip, “Associated Press” habar berýär.
Türkmenistanly boks emini Işanguly Meretnyýazov (çepde) ýaponiýaly bokusçy Satoşi Şimizunyň (sagda) we azerbaýjanly atlet Magomed Abdulhamidowyň (merkezde) bäsleşigini synlaýar.

Türkmenistanly boks emini Işanguly Meretnyýazov (çepde) ýaponiýaly bokusçy Satoşi Şimizunyň (sagda) we azerbaýjanly atlet Magomed Abdulhamidowyň (merkezde) bäsleşigini synlaýar.


Halkara boks federasiýasy çarşenbe güni giçlik Meretnyýazowyň çykaran netijesine täzeden seredip, türkmen emininiň duşuşygyň dowamynda üç nokdauny hem gözden sypdyrandygyny belledi, diýip “CBCsport” ýazýar.

Şeýle-de Abdulhamidow bilen Satoşiniň duşuşygynda goýberilen nogsanlyklar sebäpli, Azerbaýjanyň tehniki resmisi Agajan Abyýew hem Olimpiýa oýunlaryndan çetleşdirildi.

Abyýew baglaşylan şertnamadaky “öz ýurduň wekili bilen habarlaşmaly däl” diýen düzgüni bozandygy üçin, oýunlardan gyrakladyldy.

Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde penşenbe güni geçirilen bäsleşikleriň netijesinde, gazanylan umumy medal sany boýunça ABŞ öňde barýar. Birleşen Ştatlaryň hasabynda 37, şol sanda 18 altyn medal bar. Ikinji orunda Hytaý bolup, onuň 34, şol sanda 18 altyn medaly bar. Üçünji orunda bolsa Ýaponiýa dur. Ol ýaryşlarda häzire çenli 19 medal almagy başardy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG