Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mongoliýanyň ozalky prezidenti türme tussaglygyna höküm edildi


Mongoliýada ýurduň ozalky prezidenti Nambar Enkhbaýar parahorlukda günäli tapylyp, dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Bu barada ýurduň mediasy habar berýär.

54 ýaşly Enkhbaýar ilki ýurduň premýer-ministri, soňra hem prezidenti bolup on ýyla golaý – 2009-njy ýyla çenli häkimiýetiň başynda oturypdy.

Ol aprel aýynda tussag edildi. Bu çäre ýurduň telewideniýesinde göni ýaýlymda hem görkezilipdi.

Sud Enkhbaýara ilki ýedi ýyl kesipdi, emma amnistiýa kanunyna salgylanylyp bu möhlet dört ýyla çenli kemeldildi.

Enkhbaýar özüne bildirilen aýyplamalary “esassyz” diýip atlandyryp, olary şikaýat etjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG