Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: “Talyban” ýurduň gündogar sebitine hüjüm etdi


Owganystanyň gündogaryndaky Konar welaýatynda “Talyban” hereketiniň söweşijileridigi öýdülýän ýüzlerçe ýaragly hüjümleri amala aşyrdy.

Welaýat resmileriniň berýän maglumatyna görä, söweşijiler Şigal, Dangam, Marawara, Watapur we Manogaý etraplaryna hüjüm edipdirler.

Konar welaýatynyň polisiýa başlygy Ewaz Mohammad Naziriniň aýtmagyna laýyklykda, çaknyşykda Pakistanyň söweşijileri hem serhetden geçip, “Talybanyň” tarapynda söweşipdirler.

Naziri hökümet we halkara güýçleri gelenden soň, söweşijileriň daglara çekilendigini aýdýar. Naziri ençeme sagada çeken söweşde onlaça hüjümçiniň öldürlendigini hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG