Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda ýaraglary tabşyrmak kampaniýasy dowam edýär


Täjigistanyň gündogarynda ýaraglary tabşyrmak çäreleri dowam edýär. Häzire çenli 300-e golaý ýarag tabşyrlypdyr.

Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Makhmadullo Asadulloýew tabşyrylan ýaraglaryň arasynda raketalaryň we minomýotlaryň hem bardygyny belleýär.

Söweşijiler ýaraşyk ylalaşygynyň çäklerinde ýaraglaryny tabşyryp başladylar. 24-nji iýulda başlanan çaknyşyklarda 70-e golaý adam öldürilipdi.

21-nji iýulda Badagşan sebitinde ýurduň ýokary derejeli resmisi bikanun ýaragly toparlar tarapyndan öldürlenden soň, çaknyşyklar başlanypdy.
XS
SM
MD
LG