Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzysanda gazak aktiwistiniň azat edilmegi ugrunda protest geçirildi


Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekda onlarça adam Baş prokuraturanyň binasynyň öňünde ýygnanyp protest geçirdi. Olar deslapky tussaghanada saklanýan adam hukuklary boýunça gazak aktiwistiniň azat edilmegini talap etdiler.

Anna güni geçirilen protestlerde “gazak gizlin gulluklarynyň Gyrgyzystanda arkaýyn iş alyp barmagyna” ýurduň resmileriniň rugsat berýändigine hem närazylyk bildirildi.

Gazak aktiwisti Aleksandr Osadçenko iýun aýynda Bişkekda gyrgyz we gazak howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri tarapyndan ele salnypdy. Ol Gazagystanda kezzaplykda aýyplanýar.

Osadçenko Gyrgyzystandan başpena sorady diýip, onuň aklawçylary habar berdi.
XS
SM
MD
LG