Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Kongresi Owganystandaky täze ilçini tassyklady


ABŞ-nyň Owganystandaky täze ilçisi bellendi. Jeýms Kunninghamyň kandidaturasy penşenbe güni ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan oňlandy.

Kunningham bu wezipede Ryan Krokeri çalşar. Kroker saglyk ýagdaýy sebäpli, bu wezipeden maý aýynda çekilipdi. Mundan öň, Kroker Yrakda, Owgansytanda, Pakistanda, Siriýada, Küweýtde we Liwanda işläpdi.

Kunningham bir ýyl töweregi wagt bäri ABŞ-nyň Owganystandaky ilçisiniň orunbasary bolup işledi. Mundan ozal, Kunningham ABŞ-nyň Ysraýyldaky ilçisi bolupdy. Şeýle-de ol NATO-da we BMG-de ýokary derejeli wezipeleri eýeläpdi.
XS
SM
MD
LG