Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň resmisi W.Stiwens Türkmenistan bilen hoşlaşýar


Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölüminiň başlygy William Stiwens

Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölüminiň başlygy William Stiwens

Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölüminiň başlygy William Stiwensiň Türkmenistandaky wezipe möhleti doldy diýlip, habar berilýär.

Azatlyk Radiosy William Stiwens bilen söhbetdeş bolup, onuň Türkmenistanda işlän döwrüniň özünde galdyran täsirleri bilen gyzyklandy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Stiwens, Türkmenistanda alyp baran diplomatik işiňiziň möhletiniň dolanlygyny aýtdyňyz. Türkmenistanda amala aşyran işleriňiz barada gürrüň berseniz?

William Stiwens: Meniň Turkmenistandaky işimiň 3 ýyllyk möhleti doldy. Bu ýurtda işlemegiň özi – onuň adamlary bilen işleşmek, Türkmenistanyň baý mirasyny öwrenmek we bu ýerdäki adamlar bilen Amerika barada pikir alyşmak üçin bu öran seýrek mümkinçilik boldy. Ýurduň ähli künjeklerinde bize görkezilen gyzgyn myhmansöýerlik mende örän uly täsir galdyrdy. Men ýurduň ähli regionlaryny we dürli obalaryny aýlanyp gördüm. Bu ýurduň adamalary we ajaýyp medeniýeti mende örän uly täsir galdyrdy.

Azatlyk Radiosy: Medeniýet we maglumat ugurlardan nähili işler alnyp baryldy?

William Stiwens: Biziň maksadymyz iki ýurduň arasynda özara düşünişmekligi ýola goýmakdan ybarat. Biz öz medeniýetimizi paýlaşýarys we amerikanlaryň türkmen medeniýetinden habarly bolmagy üçin mümkinçilik döredýäris. Türkmenistanda geçen 3 ýyl örän işjeň we täsirli ýyllar boldy. Biz Türkmenistanyň özünde dürli çäreleri geçirdik, şeýle-de türkmen hökümetine ABŞ-da ilkinji gezek türkmen medeniýetiniň günlerini geçirmäge ýardam berdik. Şeýle-de biz türkmen studentleriniň we spesialistleriniň ABŞ-da okamagyna mümkinçilik berýän özara alyş-çalyş programmamyzy ýaýbaňlandyrdyk. Olar ABŞ-da bolup geçýän zatlary öz gözleri bilen görmäge, öz medeniýeti bilen tanyşdyrmak we öz ýurduna wekilçilik etmek mümkinçiligine eýe boldular. Bu ABŞ-daky adamlar üçin örän gymmatly terjibedir, sebäbi türkmenler bilen gatnaşykda bolmak amerikanlar üçin seýrek mümkinçilikdir.

Azatlyk Radiosy: Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň geljegi barada näme aýdyp bolar?

William Stiwens: Meniň pikirimçe, amerikan-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşi we ýaýbaňlanmagy üçin uly mümkinçilikler bar. ABŞ-nyň Türkmenistana amerikan kompaniýalaryny getirmek ugrunda uly tagalla edýänligini bilýärin. Amerikan tarapy Türkmenistanyň ykdysady ösüşi üçin öz tejribelerini we tehnologiýalaryny teklip edýär. Iki ýurduň arasynda bilim we medeniýet boýunça gatnaşyklar üçin hem örän uly mümkinçilikler bar diýip pikir edýärin. Meniň pikirimçe, Türkmenistana barmak mümkinçiligi amerikanlaryň köpüsi üçin çäkli bolup galýar, studentler we spesialistler näçe köp bardygyça, şonça-da gowy bolar. Men munuň üstünlikli başa barmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Azatlyk Radiosy: Siz türkmen halkyna näme arzuw edýärsiňiz?

William Stiwens: Men türkmen halkyna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Bu ajaýyp bir ýurt. Men [türkmenistanlylara] jan saglygyny, abadançylygy, howpsuzlygy we ýurduň abadançylyga tarap ösmegini arzuw edýärin.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG