Sepleriň elýeterliligi

“VKontakte” tankyt astyna düşdi


Orsýetiň iň uly “VKontakte” sosial ulgamy gomoseksuallar tarapyndan berk tankyt edilýär. Bu çekeleşme, haçanda “VKontekte” ulanyjylarynyň biri, özüni Oleg diýip tanadan bir erkek, özüniň jynsy gatnaşyk ýagdaýyny görkezýän bölümde "Meniň erkek jübütim bar" diýen belligi saýlap bilmänsoň, bu ulgamyň dolandyryjylaryna hat ýazmagy netijesinde başlandy.

Habar berilmegine görä, dolandyryjy oňa Orsýetde gomoseksual erkekleriň arasynda nikalaşmagyň gadagan edilendigini aýdýar, oňa şondan soň internetde öz "jynsyny üýtgetmegi" maslahat beripdirler. Metbugatda çykan habarlara görä, galyberse-de, dolandyryjy oňa "keýpiniň kök bolmagyny" arzuw edipdir.

Gomoseksual erkekleriň hak-hukuklaryny gorap çykyş edýän orsýetli aktiwist Nikolaý Alekseýew bu barada şeýle diýýär: "Olar şeýle etmek bilen Orsýetiň kanunlaryny bozanoklar. Ýöne moral hem-de ahlak taýdan seredeniňde, şeýle-de gomoseksual erkekleriň hem lezbi zenanlaryň bu sosial ulgamyny goldaýandyklaryny, diýmek, sistemanyň olardan peýdalanyp pul gazanýandygyny nazara alanyňda, [sosial ulgamyň jogapkärleri] şeýle gatnaşyklary kabul etmelidirler".

Agzalýan ulgamyň metbugat sekretary Wladislaw Tsipluhin “VKontaktede” bir jynsdaky gatnaşyk statusyny dikeltmegi göz öňünde tutmaýandyklaryny mälim etdi. Gomoseksual erkekler bolsa “Vkontakte” saýtynyň bu baradaky syýasatyna gaty ynjydyjy diýip baha berýärler.

Gomoseksuallygyň 1993-nji ýylda jenaýat däl diýlip yglan edilendigine garamazdan, Orsýetde olara garşy bolan duşmançylyk giňden ýaýran. Gomoseksuallaryň ýöriş geçirmek baradaky tagallasy yzygiderli basylyp ýatyrylyp gelinýär. Şeýle-de Orsýetiň ençeme şäherinde gomoseksuallygy propaganda etmek jenaýat diýlip ykrar edildi.

Käbir aktiwistler bu ýagdaýyň garşysyna protest hökmünde “VKontakte” saýtynyň gomoseksual ulanyjylaryny göreşiň nyşany bolan mämişi reňkdäki üçburçly simwoly öz profiline goýmaga çagyrýarlar. Şeýle-de “Vkontakteden” çykyp, “Facebook” sosial ulgamyna giriň diýen çagyryşy ündeýänlerem bar.

“Facebook” ulanyjylara diňe özleriniň profil sahypasynda gomoseksualdygyny görkezmäge mümkinçilik döretmek bilen çäklenmän, eýsem ýaňy-ýakynda adagly iki erkek adamy ýa-da iki zenany suratlandyrýan nika nyşanyny hem goýdy.

“Facebook” sosial ulgamynyň bu meselede liberal garaýşynyň sebäpleriniň biri hem ony esaslandyrjylaryň biri bolan Kris Hýugsyň aç-açan gomoseksualdygyny aýtmagy bilen bagly bolup biler. Ol iýun aýynda öz oglan dosty bilen öýlenenden soň ilkinji bolup, şol nyşany ulanyp başlanlardan biridir.
XS
SM
MD
LG