Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa boýunça wekil Annan wezipesinden çekilýär


Annan Ženewada geçiren metbugat ýygnagynda siriýalylaryň "haýsydyr bir anyk çärä örän mätäçdigini" nygtady, 2-nji awgust.
Annan Ženewada geçiren metbugat ýygnagynda siriýalylaryň "haýsydyr bir anyk çärä örän mätäçdigini" nygtady, 2-nji awgust.
Penşenbe güni Kofi Annan BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

“Men BMG-niň we Arap Ligasynyň Baş sekretarlaryna, Siriýa boýunça ýörite wekil mandatymyň möhleti awgust aýynda tamamlanansoň, ony uzaltmak islemeýändigimi aýtdym" diýip, Kofi Annan nygtady.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun Penşenbe günündäki çykyşynda Annanyň bu kararyna örän gynanýandygyny aýtdy.

Annan Siriýadaky urşy togtatmaga niýetlenen alty punktdan ybarat parahatçylyk planynyň awtorydyr. Siriýada ylalaşmaýan taraplaryň hiç biri bu plany kabul etmänsoň, uruş dowam etdi. BMG-de hem bu ýagdaý bilen nähili çemeleşilmeli diýen meselede ylalaşyk ýok.

Annan bu barada geçiren metbugat ýygnagynda siriýalylaryň "haýsydyr bir anyk çärä örän mätäçdigini" nygtap, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini we onuň agzalaryny "biri-birine barmak çommaltmakda hem at tutmakda" tankytlady.

"Biziň we siriýalylaryň haýsýdyr bir çärä ýiti mätäçlik çekýän häzirki pursatymyzda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde kimdir birine barmak çommaltmak we kimdir biriniň adyny tutmak dowam edýär” diýip, Annan aýtdy.

BMG-de Orsýetiň wekili Witaliý Çurkin penşenbe güni eden çykyşynda Orsýetiň Annanyň alyp barýan işini hemişe goldandygyny we Annanyň öz wezipesindäki soňky aýyndan doly peýdalanyljakdygyna umyt edýändigini aýtdy.

"Biz onuň wezipesinden çekilmegine gynanýarys. Biz Kofi Annanyň tagallalaryny örän goldaýardyk. Onuň bu wezipesinde ýene bir aý möhleti bar, men Siriýadaky ýagdaýlara syýasy çözgüt tapmak, gan doküşikligi togtatmak boýunça alnyp barylýan tagallalaryň çäginde, galan bu pursatdan örän täsirli peýadalanyljakdyny umyt edýärin" diýip, Çurkin aýtdy.

Emma Ban Ki-Mun BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşindäki bölünişikleriň bu meselä diplomatik çözgüt tapmagy kynlaşdyrýandygyny aýtdy.

Şu wagta çenli BMG-niň Howsuzlyk Geňeşiniň agzalary Siriýadaky ýagdaýa nähili çemeleşmeli diýlen meselede ylalaşyp bilmän gelýärlar. Orsýet bilen Hytaý Sirýadaky krizis bilen bagly rezolýusiýa weto goýup, režimi “daşardan üýtgetmäge sebäp boljak” islendik herekete garşydyklaryny nygtap gelýärler.

Ban Ki-Mun Annanyň ornuna kimiň bu wezipä bellenjekdigi baradaky temany Arap Ligasynyň wekilleri bilen maslahat etjekdigini aýtdy. Annan BMG-niň we Arap Ligasynyň wekili wezipesine fewralda bellenip, onuň mandaty Siriýada gün saýyn güýjeýän çaknyşyklaryň çözgüdini tapmakdan ybaratdy.

Aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, geçen ýylyň mart aýynda hökümete garşy başlanan protestlerden bäri Siriýada 20 müňe golaý adam ölüp, on müňlerçe adamyň hem ýaralanypdyr.
XS
SM
MD
LG