Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet we Hytaý BMG-niň rezolýusiýasyny tankyt edýär


Orsýet bilen Hytaý BMG-niň Baş Assambleýasynyň Siriýa barada kabul eden rezolýusiýasy ýurt içindäki parahatçylyk tagallalaryny gowşadýar diýdi.

Bu rezolýusiýada BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi hem, prezident Başar al-Assadyň hökümeti hem tankyt edilýär.

Saud Arabystany tarapyndan taslanan rezolýusiýa anna güni, 3-nji awgustda, 133 döwletiň goldamagynda, 12-siniň garşy bolmagynda we 31 döwletiň saklanmagynda kabul edildi.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Damaska garşy sanksiýa girizmek ugrunda eden birnäçe synanyşygyna garşy bolan Orsýet we Hytaý bu taslama hem garşy çykdy.

Moskwa bu rezolýusiýa “ýaragly oppozisiýa görnetin goldaw berýär” diýdi. Pekin bolsa, “diňe siriýa hökümetine basyş edilmegi bu krizisiň sebitdäki beýleki ýurtlara hem ýaýramagyna getirer” diýdi.

BMG Siriýada barýan 17 aýlyk gozagalaňda 19 müň adamyň ölendigini çaklaýar.
XS
SM
MD
LG