Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan JIÖ ösüşiniň durnuklydygyny aýdýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji awgustda Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça edilen işleriň jemlerine seredildi. TDH bu maslahatyň dowamynda başga-da birnäçe meselä seredilendigini ýazýar.

Wise-premýer Annamuhamet Goçyýewiň hökümet maslahatynda beren hasabatynda aýdylmagyna görä, hasabat döwrüniň makroykdysady analiziniň görkezijileri halk hojalygynyň ähli pudagynda depginli ösüşiň bolandygyna şaýatlyk edýär.

Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurduň senagat we gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda, oba hojalygynda, şeýle-de söwdada we durmuş hyzmatlarynda gazanylan ýokary netijeler jemi içerki önümiň durnukly ösüşini görkezýär diýip, hökümet başlygynyň orunbasary aýtdy.

2011-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2012-nji ýylyň ýedi aýynda elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň, nebitiň, benziniň, dizel ýangyjynyň, kerosiniň, çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň, polipropliniň, ýoduň, palastmassalaryň we aýna süýümli turbalaryň, armaturalaryň, sementiň, dokma we trikotaž önümleriniň, balyk önümleriniň, mineral suwlaryň we alkogolsyz içgileriň, unuň öndürilişiniň möçberi artdy diýip, A. Goçyew aýdýar.

Şeýle-de ol döwlet budžetine salgytlaryň ähli görnüşleriniň doly tölenendigini, döwlet budžetiniň girdejili böleginiň 125,6 prosente, çykdajyly böleginiň bolsa, 94,4 prosente barabar bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG