Sepleriň elýeterliligi

Jeňçi Tatarystanda edilen hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alýar


Bir yslamçy jeňçi geçen aý Tatarystanda yslam liderlerine garşy edilen hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Bu hüjümlerde Tatarystanyň ikinji uly derejeli ruhanysy öldürilip, baş müftüsi agyr ýaralanypdy.

Çeçen jeňçileri tarapyndan ulanylýan "Kawkaz-Sentr" websaýtynda ýerleşdirilen wideo ýazgyda özüni Muhammad diýip atlandyran adam “19-njy iýulda Kazanda meniň buýrugym bilen hudaýyň duşmanlaryna garşy (baş müfti Ildus Faýzow we baş müftiniň orunbasary Waliulla Ýakupow) operasiýa geçirildi” diýýär.

Muhammad “geljekde hem şeýle operasiýalary geçirmekçidigini” duýdurýar.

Ol özüniň "Tatarystan mujahedinleriniň emiridigini" aýdýar.

Faýzow ulag partlamasyndan aman galdy, emma Ýakupow atylyp öldürildi.

Bu hüjüm bilen ilteşiklilikde 5 adam tusag astyna alyndy.
XS
SM
MD
LG