Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa gelen silde 169 adam öldi


Demirgazyk Koreýanyň döwlet habar gullugy şenbe güni ýurda gelen siliň 169 adamy öldürendigini, 400 çemesi adamyň bolsa tapylmaýandygyny habar berdi.

Ýurduň Merkezi habar gullugy sil we agyr ýagyşlar zerarly 200 müňden gowrak adamyň öýsüz galandygyny, 65 müň gektardan gowrak ekin meýdanynyň zaýalanandygyny habar berdi.

Phenýan BMG-den özüne kömek berilmegini soraýar.
XS
SM
MD
LG