Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran raketa synagynyň şowly bolandygyny aýdýar


Eýranyň goranmak ministri Ahmad Wahidi şenbe güni Döwlet telewideniýesinde ýurduň gysga aralyga niýetlenen “Fateh-110” ballistik raketasynyň täzelenen görnüşiniň üstünlikli synag edilendigini aýtdy.

Eýran Yslam respublikasynyň habar gullugy Wahidiniň sözlerine salgylanyp, bu raketalaryň 300 kilometre çenli ýetýändigini we “Pars aýlagyndaky we Oman deňzindäki, şeýle-de gury ýerde ýerleşen nyşanalary urup biljegini” habar berdi.

Goranmak ministri bu raketany “öňüni alyjy” atlandyrdy we onuň diňe Eýrana ýamanlyk niýetinde bolanlaryň garşysyna ulanyljagyny sözüne goşdy.

Emma Wahidi bu raketanyň haçan synag edilendigini aýtmady.
XS
SM
MD
LG