Sepleriň elýeterliligi

Bolgariýa Interpoluň gözleýän iki terrorçysyny tussag etdi


Bolgar resmileri özleriniň Interpol tarapyndan terrorçylykda aýyplanýan iki adamy tussag edendiklerini aýdýarlar.

Bolgariýanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Ruse şäheriniň etrap prokuraturasynyň sözçüsi Nadežda Mitewa 47 ýaşly çeçen Mohmad Gadamuriniň, 29 ýaşly türk Erkan Polateriň anna güni, bolgar serhet polisiýasynyň aýry-aýrylykda geçiren iki operasiýasy netijesinde tussag edilendigini aýtdy.

Ol bu iki adamyň öz maşgalalary bilen Rumyniýadan Bolgariýa geçjek bolanlarynda ele salnandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG