Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň prezidenti täze türkmen ilçisini kabul etdi


Owganystanyň prezidentiniň edarasynyň maglumatyna görä, 4-nji awgustda prezident Hamid Karzaý Türkmenistanyň Owganystandaky täze ilçisi Hemra Togalakowyň diplomatik güwanamasyny kabul edipdir.

Prezident köşgünde geçirilen bu dabara Owganystanyň daşary işler ministri Zalmaý Rasoul we ministrligiň Protokolynyň başlygynyň orunbasary hem gatnaşdylar. Dabaradan soňra geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmek barada maslahat etdiler.

Prezident Hamid Karzaý iki ýurduň arasyndaky ösýän gatnaşyklara gowy baha berdi hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklara Owganystanyň uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Ilçi Togalakow ilçilik wezipesini ýerine ýetirýän döwründe Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmäge goşant goşjakdygyna söz berdi.
XS
SM
MD
LG