Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Aleppo bombalanýar, Damask tutuşlygyna “yzyna alyndy” diýilýär


Siriýanyň ululygy boýunça ikinji şäheri bolan Aleppoda agyr söweşler dowam edýär. Hökümet güýçleriniň pitneçileriň pozisiýalaryna garşy artilleriýa we harby uçarlar arkaly hüjüm edýändikleri habar berilýär.

Pitneçileriň komandiriniň sözlerine salgylanyp aýdylmagyna görä, şenbe güni pitneçiler “güýçli hüjüme” taýýarlyk görüpdirler. Şol bir wagtyň özünde, “Bu diňe başlangyjy, esasy hüjüm indi bolar” diýip, hökümetiň baş howpsuzlyk edarasynyň duýduryş edendigi aýdylýar.

Prezident Başar al-Assadyň güýçleri Damaskda pitneçileriň iň soňky gaýtawulyny serpikdirendiklerini aýdýarlar.

Söweşleriň gidýän wagtynda Damaskyň etegindäki şaýy ybadathanasynyň golaýynda 48 eýranly zyýaratçy alynyp gaçyldy. Olaryň ykbaly barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.

BMG-niň hasabyna görä, 17 aý bäri dowam edýän gozgalaňda 19 müň adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG