Sepleriň elýeterliligi

Ýemende bomba partlamasynda we howa hüjüminde birnäçe adam öldi


Ýemeniň günortasyndaky Abýan welaýatynda janyndan geçen diýilip güman edilýän hüjümçi bomba partlatdy. Bu partlamada azyndan 45 adamyň ölendigi habar berilýär.

Lukmanlaryň we hökümet resmileriniň maglumatlaryna görä, şenbe güni Jaar şäherinde jaýlanyş çäresi wagtynda ýüz beren bu partlamada 35-den gowrak adam ýaralanypdyr.

Maglumatlara laýyklykda, janyndan geçen hüjümçi “Al-Kaýda” garşy göreşde armiýa kömek eden tiredeşlerini nyşana alypdyr.

“Al-Kaýda” garşy duran ýerli söweşiji toparyň komandiriniň hem ölenleriň arasyndadygy habar berilýär.

Gündogar Ýemende ABŞ-nyň pilotsyz amala aşyran howa hüjüminde ulagda barýan “Al-Kaýda” toparynyň 5 agzasynyň öldürilendigi habar berilýär. Resmileriň aýtmaklaryna görä, bu hüjüm Hadramut welaýatynyň Al-Kotn obasynyň golaýynda amala aşyrylypdyr.
XS
SM
MD
LG