Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Türkiýede Siriýa barada gepleşikler geçirer


Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsiniň ýekşenbe güni aýtmagyna görä, ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton Siriýa meselesi boýunça türk hökümeti bilen gepleşikler geçirmek üçin Türkiýä sapar eder.

Malawiniň paýtagty Lilongwede eden beýanatynda sözçi Wiktoria Nuland Klintonyň türk hökümeti bilen “ikitaraplaýyn konsultasiýalary” Stambulda 11-nji awgustda geçirjekdigini aýtdy.

Malawide saparda bolan Hillary Klinton soňra Günorta Afrika barar we ozalky prezident Nelson Mandele bilen duşuşar.

Afrika saparynyň soňunda Hillary Klinton Gana barar.
XS
SM
MD
LG