Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky söweşde 19 adamyň ölendigi aýdylýar


Ýerli hökümet resmisiniň aýtmagyna görä, Türkiýäniň günorta-gündogar sebitinde türk esgerleri bilen kürt pitneçileriniň arasynda ýekşenbe güni bolan söweşde 19 adam ölüpdir.

Häkim Orhan Alimoglu “Anadoly” habar gullugyna beren maglumatynda Yrak bilen serhetdeş Hakkari welaýatynyň obasynda geçen agşam pitneçileriň harby posta eden hüjümlerinde 6 esgeriň, 2 oba sakçysynyň we 11 kürt pitneçisiniň ölendigini aýtdy. Hüjümde 15 esger ýaralanypdyr.

Kürtleriň agdyklyk edýän günorta-gündogar sebitinde şeýle hüjümleriň ýüz bermegi türk goşunlaryna iki hepde mundan ozal bu regionda “Kürdüstan işçiler partiýasyna” garşy hüjüme başlamaga itergi berdi. Bu hüjümlere 2 müň töweregi esger gatnaşdyrylýar.

Türkiýe we halkara jemgyýetçiliginiň aglabasy tarapyndan terrorçy topar diýlip hasaplanýan “Kürdüstan işçiler partiýasy” kürtleriň agdyklyk edýän Türkiýäniň günorta-gündogar sebitinde 1984-nji ýylda ýaragly gozgalaňa başlady we 45 müň töweregi adamyň ölümine sebäp bolan konflikti emele getirdi.
XS
SM
MD
LG