Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe dokumenti kabul etdi


TDH gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Mejlisi dördünji çagyryşynyň 15-nji mejlisinde birnäçe täze kanunyň taslamasyny we hukuk normalary boýunça dokumentleri ara alyp maslahatlaşypdyr.

Mejlisiň deputatlarynyň garamagyna birnäçe kanuny taslamalar, şol sanda “Ösümlik dünýäsi barada”, “Bosgunlar barada”, “Sanatoriýa-kurort işi barada”, “Referendumlar barada” Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalarynyň hüdürlenendigi habar berilýär.

Şeýle hem milli Mejlisde “Serhetara suwlary we halkara kölleri goramak we ulanmak boýunça Konwensiýa goşulmak”, “Raýatsyzlygyň sanyny azaltmak barada Konwensiýa goşulmak”, “Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş bankyny döretmek barada Şertnamanyň 1-nji we 18-nji maddalaryny üýtgetmek we doldurmak barada dokumenti ratifikasiýa etmek”, “Halkara sergiler barada Konwensiýa goşulmak”, “Raýat we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi barada Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ylalaşygy ratifikasiýa etmek” barada kararlaryň kabul edilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG