Sepleriň elýeterliligi

NASA-nyň roboty Marsa gondy


NASA tarapyndan görkezilen animasiýa syýahatçy robotyň missiýasyny suratlandyrýar.

NASA tarapyndan görkezilen animasiýa syýahatçy robotyň missiýasyny suratlandyrýar.

NASA-nyň “Curiosity”, ýagny “Bilesigelijilik” diýlip atlandyrylýan roboty Mars planetasyna gondy. Birleşen Ştatlaryň Aeronawtika we kosmiki giňişligi derňemek boýunça milli gullugy NASA bu barada ýekşenbe güni giçlik özlerine robotdan signalyň gelendigini tassyklady.

“Curiosity” robotynyň Marsda düşüren suratyny hem iberip ýetişendigi aýdylýar. Indi robot birnäçe hepdäniň dowamynda inžener barlagyndan geçiriler, soňra ol öz Marsdaky missiýasyna girişer.

Işe başlamaga taýýar bolansoň “Curiosity” Mars planetasynda mikroskopik organizmleriň ýaşamagy üçin zerur şertleriň barlygyny-ýoklugyny anyklamak üçin, iki ýylyň dowamynda daşdyr-topragyň dürli nusgalaryny toplamak bilen meşgullanar.

NASA-nyň administratory Çarls Bolden “Curiosity” roboty Mars planetasyna gonandan soň geçirilen metbugat konferensiýasynda çykyş edip, şeýle diýdi: “Şu gün, edil häzir “Curiosity” robotynyň tekerleri, Marsa adamlaryň aýak basmagy üçin, ýol salyp başladylar. Şu çaka çenli gurlan robotlardan iň çylşyrymlysy bolan “Curiosity” “Marsda ýaşaýyş barmy ýa-da gelejekde bu planetada ýaşamak üçin şert barmy?” diýen asyrlar boýy soralýan sowallara jogap tapmaga synanyşar”.


“Curiosity” robotyny Marsa gondurmak işi robotlaryň kosmosa uçurylmagynyň tejribesinde iň kyn işleriň biri hasaplanýar.

Robotyň uly göwresi hem 1 tonna barabar agramy sebäpli alymlar ony Marsdaky kraterleriň birine gondurmak üçin kabelleri ulanmaly boldular. Los-Anželes şäheriniň golaýynda ýerleşýän “Jet Propulsion” laboratorisiniň bu missiýa gözegçilik eden alymlar topary, robotyň üstünlikli gonandygyny eşidip, begenjine gygyryşyp, el çarpyşyp başladylar.

Gyrmyzy planeta diýlip atlandyrylýan Marsa gonmak örän kyn boldy. 1960-njy ýyldan bäri dürli milletler tarapyndan 30 gezek Marsa gonmak synanyşygy amala aşyryldy. Emma olardan ýarpysyndan gowragy şowsuzlyga uçrady.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama “Curiosity” robotynyň Marsa gonmagyny “taryhy waka” diýip atlandyrdy. Obama bu wakany “tehnologiýanyň öň görlüp-eşidilmedik edermenligi” diýip häsiýetlendirdi.

Marsa gonmak üçin robot 8 aýyň dowamynda 560 million kilometrlik howa giňişligini geçmeli boldy.

Bu proýekt Marsa gönükdirilen proýektlerden iň giň tutumlysy hem gymmat bahalysy hasaplanýar. Onuň umumy bahasy iki ýarym milliard dollara barabardyr.

“Curiosity” robotynyň Mars planetasyna üstünlikli gonmagy býujeti kemilen NASA üçin uly ýeňiş boldy. Bu gulluga berilýän serişdeleriň azaldylmagy netijesinde NASA 30 ýylyň dowamynda kosmosa gämileri uçurmak baradaky proýektinden el çekmeli bolupdy.
XS
SM
MD
LG